Dünýäde belent ykrarly şäher

11 Sentýabr 2024
50

Islendik döwletiň haýsydyr bir şäheri ýa-da şäherleri şol döwletiň diňe bir ýüzi bolmak bilen çäklenmän, ony gurujylaryň — halkyň döredijilik başarnygyny, binagärlik ukybyny, gülläp ösüşe bolan ymtylyşyny we gurmak babatdaky gaýratyny hem ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazardan, Arkadag şäherine türkmen halkynyň ukypdyr başarnyklarynyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlarynyňdyr jöwher paýhaslarynyň iň aýdyň şöhlelenmesi diýsek, has dogry bolar.

Ýyllar, asyrlar, eýýamlar... halklaryň däl-de, dörediji hem gurujy halklar döwürleriň we müňýyllyklaryň bezegine, buýsanjyna, şöhratyna öwrülýär. Muny subut etmek üçin haýsydyr bir başga milletiň däl, türkmeniň goja taryhyna nazar aýlamak hem ýeterlik. Azym-azym şäherleri, kentleri, galalary... bina edip, adamzat taryhynda mynasyp orun alan, binagärlik sungatynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşan halkymyzyň döredijilik hem gurujylyk başarnygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan hem parasadyndan badalga alyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Şeýle döwletli işler bolsa guwandyryjy hem-de buýsandyryjy netijeler bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergi hem nobatdaky gezek subut etdi. Mälim bolşy ýaly, bu gözden geçirilişde Arkadag şäheri üç baýraga mynasyp boldy.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar