Arkadag şäheri halkara baýraklaryna mynasyp boldy

10 Sentýabr 2024
57

Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülip, gülleýär, ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen iň täze sanly tehnologiýalary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ösüşiniň nusgalyk görkezijisine öwrüldi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän merkez hökmünde bellidir.

Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, ajaýyp dag eteklerindäki giň meýdana ýaýylyp gidýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň ajaýyp nusgasy bolup, bu desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanylandyr. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-siniň eýesidir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänama hem berildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy guwandyryjy çözgüt boldy.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar