Garaşsyzlyk — baky bagt

10 Sentýabr 2024
194

Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Soňky ýyllarda Garaşsyz ýurdumyzyň gözel paýtagty halkara derejesindäki dürli çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde gurulýan halkara derejeli iň häzirki zaman ýollar, köprüler, estakadalar ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar.

Biz halkymyzyň asylly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň maksady myrat tapýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bilim ulgamynda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar