Ýaşajyk bilbiller

9 Sentýabr 2024
36

Ynsanyň ukyp-başarnygyny, zehin aýratynlygyny aýdyň ýüze çykarmaga ýardam berýän döredijilik bäsleşikleri ýurdumyzda her ýylda geçirmek däp boldy. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», ýaş aýdymçylaryň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly we beýleki döredijilik bäsleşikleri aýdym-saz sungatymyzy, milli medeniýetimizi ösdürmekde uly goşantdyr.

Şeýle uly ähmiýete eýe bolan bäsleşikleriň biri — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň konserti boldy. Konsert Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň guramagynda geçirildi.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar