Ildeşimiz ýeňiji boldy

9 Sentýabr 2024
58

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, güneşli Diýarymyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary sungatyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Geçen şenbe güni paýtagtymyzda şu däbe öwrülen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň wekilleri hem gatnaşdylar. Hojambaz etrabynda önüp-ösüp, sungat ýoluna gadam basan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýew bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerine wekilçilik edip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar bilen birlikde ildeşimiz Serdar Jumaýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Bu ajaýyp üstünlik ýaş aýdymçynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna mynasyp sowgady boldy.

Myrat BAGŞYÝEW.
Beýleki habarlar