«BMW» 2 milliondan gowrak awtoulaglaryny yzyna alýar

26 Awgust 2024
74

Germa­ni­ýa­nyň «BMW» ABŞ-nyň we Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan ulag­la­ry­nyň uly muk­da­ry­ny yzy­na ýyg­na­ýar. Has ta­ky­gy, kom­pa­ni­ýa ulag­la­ryň elekt­rik ul­ga­myn­da­ky nä­saz­lyk se­bäp­li, ABŞ-nyň ba­za­ryn­dan 720 müň, ka­da la­ýyk gel­me­ýän howp­suz­lyk ýas­syk­la­ry se­bäp­li bol­sa, Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­dan 1,36 mil­lion ula­gy dü­ze­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin yzy­na al­ýar.

Ýo­kar­da ag­za­lan bök­denç­lik­le­r ne­mes aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­ni goş­ma­ça çyk­da­jy­lar bi­len ýüz­be-ýüz ed­ýär. Em­ma go­wy ha­bar­lar hem bar. Ýew­ro­pa­nyň ba­za­ryn­da «BMW» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len elekt­ro­mo­bil­le­riň söw­da­sy öňe iler­le­ýär. Kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň iýul aýyn­da Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da 14 müň
869 sa­ny elekt­ro­mo­bil sat­dy we bu ugur­da ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek «Tes­la­dan» öň­de ge­çip, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.

Beýleki habarlar