«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy

23 Awgust 2024
90

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň edara binasynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan gämi gurluşyk ugry boýunça geçirilen amaly okuw sapaklarynda ýokary görkezijilerine mynasyp bolan türkmen hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuw döwrüniň dowamynda bilimi we hünäri bilen tapawutlanan we synaglardan üstünlikli geçen hünärmenlere Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşurylyp, höwesjeň, işlerine ussat ýaş gämi gurluşykçylara öz minnetdarlyklaryny bildirip, geljekde türkmen hünärmenleriniň uly üstünliklere eýe boljakdyklary barada belläp geçdiler.

Beýleki habarlar