Gury ýük gämileri gurulýar

21 Awgust 2024
547

Zähmetiň joşýan ýerinde

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Karary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň durmuşynda taryhy waka boldy we ol iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gözbaşyna öwrüldi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Netijede, Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy.

Güýçmyrat AMANOW,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary.