Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

15 Awgust 2024
641

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralýan dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alýar. Biz 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda şeýle taryhy wakalaryň birnäçesine şaýat bolduk. Söz ussadynyň 300 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda halkara derejesinde çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şahyryň Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni seýilgäh toplumynyň açylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly kitabyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi ähli watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan şahyryň saýlanan goşgularynyň 271-si ýerleşdirilen ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleriniň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kitapda edep-terbiýe, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, milli döwletlilik, watançylyk baradaky filosofik garaýyşlary beýan edýän şygyrlar orun alypdyr. Söz ussadynyň şanly toýuna bagyşlanyp çap edilen şygyrlar ýygyndysy ýokary hilliligi, özboluşly bezegleri bilen okyjylarda uly täsir galdyrýar.

Rozymuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.