Işi ilerleýän kärhana

7 Awgust 2024
179

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze kärhanasy işe girizildi. Döwlet tarapyndan berlen uzak möhletleýin ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna Mary welaýatynda gurlan kärhanada Italiýanyň hem-de Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen döwrebap enjamlary ornaşdyryldy.

1995-nji ýylda döredilen «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti iri we ownuk şahly mallaryň derilerini gaýtadan işlemek bilen, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli reňkdäki hem-de galyňlykdaky deri önümlerini öndürýär. Ol ýurdumyzda deri eýlemegiň inçe tärlerini özleşdirip, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Kärhana 100 göterim arassa deri önümlerini gaýtadan işleýändigi bilen tapawutlanyp, olardan tikilen aýakgaplar ekologik taýdan arassa, berk we ýylyň islendik paslynda geýmäge niýetlenendir.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar