Belarusyň üsti bilen Ýewropa konteýner gatnawy ýylyň birinji ýarymynda 66% ýokarlandy

1 Awgust 2024
213

«ОТЛК ЕРА» halkara konteýner daşaýjysy Hytaý — Ýewropa — Hytaý ugrunda tiz hereket edýän otlularyň düzüminde konteýnerleriň daşalmagynyň ýylyň birinji ýarymynda 66% — 189,1 müň TEU (20 futlyk konteýner ekwiwalenti) artandygyny habar berdi.

Elbetde, bu ýerde Gazagystanyň, Russiýanyň we Belarusyň üstünden geçýän ýük akymy barada aýdýarys. Iýun aýynda bu ugurdaky ulag hereketi 2023-nji ýylyň iýun aýyndakydan 11% ýokarlandy — 36,95 müň TEU. Bu barada «Russiýanyň demir ýollarynyň» metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «1520international.com» portaly habar berýär.

Beýleki habarlar