ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

31 Iýul 2024
589

Ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ata Watanymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine uly ähmiýet bermek, bu ugurda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektrik energetikasy pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Nurmuhammet ALLANAZAROW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.