Miweleri baldan datly

31 Iýul 2024
328

Telekeçilige giň ýol!

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly özgertmeleriň baş maksadydyr. Ak bazarlarymyzyň, bereketli saçaklarymyzyň dürli azyk önümlerine, naz-nygmatlara baý bolmagy babatdaky işlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünliklere beslemek bilen, ýurdumyzyň hususy işewürlerine uly ynam bildirýär. Munuň özi türkmen işewürlerini netijeli zähmete, döredijilikli gözleglere, täze maksat-tutumlara ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Halmämmet Amanmämmedowyň Uly Balkan dagynyň eteginde, Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky miweli baglaryny synlanyňda hem şeýle buýsançly hakykata anyk göz ýetirýärsiň. Agrosenagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilaty bereketli topragymyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek babatdaky tagallalara goşant goşmak maksady işjanly telekeçini ýyladyşhana işini ýola goýmaga hem-de dürli miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ruhlandyrdy. Şu maksat bilen, ol birnäçe ýyl mundan ozal ady agzalan ýaýladan 22 gektar meýdany 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldy hem-de dessine işe girişdi.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar