Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy — ösüşiň wajyp ugry

31 Iýul 2024
850

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat. Şunda alnyp barylýan köpugurly işleriň, tutumly tagallalaryň ählisi uzak möhletiň dowamynda durnukly öňegidişligi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň we gurallarynyň üznüksiz ösüşini, döwrebaplaşdyrylmagyny, bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny emele getirmek maksadynda jemlenýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda ýurdumyz boýunça ýuridik şahslaryň sany 15 müň 327 bolan bolsa, bu görkeziji 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda 17 müň 968-e ýetdi. Şol döwürde salgyt hasabynda duran ýuridik şahslaryň sany Türkmenistan boýunça 17 müň 968 bolup, bu görkeziji üstümizdäki ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda 18 müň 292-ä barabar boldy. Fiziki şahslaryň sanyny deňeşdirip görenimizde, bu görkeziji 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýynda 57 müň 422 bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwründe 75 müň 396-a ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistan boýunça hereket edýän fiziki şahslaryň sany 75 müň 396 bolup, bu görkeziji şu ýylyň birinji ýarymynda 76 müň 245-e çenli ýokarlandy.

Tirkeşmyrat KURRAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.