10 ýylda 3,9 göterimlik ösüş

29 Iýul 2024
476

ýa-da Pakistanyň ykdysadyýetine gysgaça syn

Pakistan ösýän ykdysadyýetli ýurt bolup, Halkara Pul Gaznasynyň deslapky hasabatyna görä, satyn alyş güýji boýunça dünýäniň 24-nji, nominal jemi içerki önümi babatda 46-njy döwleti hasaplanýar. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 338,24 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ bolsa, 1,658 amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle hem soňky 10 ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ortaça 3,9 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda Pakistanyň nominal jemi içerki önüminiň 1,9 göterim, 2025-nji ýylda bolsa, 2,8 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Pakistanda ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, hökümet tarapyndan 2015 — 2020-nji maliýe ýyllary üçin Pakistan hyzmatdaşlyk strategiýasy durmuşa geçirildi. Maliýe strategiýasy esasy iki maksada: ýurtda garyplygy azaltmaga we umumy gülläp ösüşe gönükdirildi. Bu 5 ýyllyk maliýe meýilnamasynyň netijesinde ýurduň iň kyn ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyldy.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».