Eziz Diýar ösüşlere beslenýär

16 Iýul 2024
588

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşlere beslenýän, täze üstünlikler bilen ildeşlerimiziň göwnüni göterýän ajaýyp zamanadyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba we halk hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, senagatyň pudaklarynda, täze döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagynda, medeni ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli beýik işleriň rowaçlyklara beslenmegi munuň şeýledigini aýan edýär. Ynha, şu ýylyň 12-nji iýulynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerini görmek bolýar. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy. Bu maglumatlar ýurdumyzyň durnukly ösüşini, ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar