«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip bellemek bilen, kitaba mukaddeslik hökmünde garaýar. Kitap hiç wagt hem gymmatyny gaçyrmaýan ruhy baýlykdyr. Onda çäksiz gudrat, güýç bar. Ol geçmiş bilen geljegiň, halklar bilen ýürekleriň arasyndaky köpri. Kalplara barýan ýol gözbaşyny kitapdan alyp gaýdýar. Çünki «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýlişi ýaly, kitapda kalbyň owazy ýaňlanýar. Okyjy kitaby özüne ýoldaş edinip, döwürlere, älem-jahana syýahat edýär.