Asylly ýörelgeleriň beýany

25 Iýun 2024
376

Türkmen halkynda ussatlara belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag şäherinde medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Aýratyn-da, medeniýet we sungat işgärleriniň baýramynyň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly toýlanylmagy, söz sungatyna belent sarpa goýýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Medeniýet hepdeligi ruhubelentlige beslenýär.

Asyrma-asyr ýedi ýa-da kyrk gije-gündiz toý tutmak däbi gadymyýetden gözbaş alýar. Medeniýetiň hem sungatyň baýramynyň tutuş hepdeläp toýlanmagy beýik Pyragynyň arzuwlan döwletli döwranynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýän hakykatdyr.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym bölüminiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar