Kalplary buýsanja besleýän çäreler

25 Iýun 2024
324

Arkadag şäherinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni hem täsirli çäreler baý bolup, ol «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, kitaphanaçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen bilelikdäki konserti hem hepdelige özboluşly öwüşgin çaýan çäreleriň biri boldy.

Nursoltan Depbiýewa, «Balkan».
Surata düşüren Hasan Magadow.
Beýleki habarlar