Idris baba medresesine gezelenç

24 Iýun 2024
353

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli TDP-niň Lebap welaýat hem-de Halaç etrap komitetleriniň, şeýle hem Halaç etrap bilim bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda Idris baba medresesine gezelenç guraldy.

Idris baba medresesinde ХVIII asyrda türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilim alypdyr. Gezelençde çykyş edenler Merkezi Aziýanyň ХVIII asyrdaky binagärlik sungatynyň özboluşly ýadygärligi bolan Idris baba medresesiniň öz döwrüniň iň tanymal bilim ojaklarynyň biri bolandygyny belläp geçdiler. Bu medresäniň kaşaň ymaraty sap bişen kerpiçden bina edilipdir. Onuň üsti bolsa güberçek görnüşli uly gümmez bilen ýapylypdyr. Medresäniň esasy ymaratynyň demirgazyk-gündogar tarapynda birmahallar kiçeňräk goşmaça kömekçi jaýlaryň hem-de talyplar üçin hüjreleriň tutuş bir hatary gurlupdyr. Amyderýanyň orta akymynyň çep kenarýakasynda ýerleşen medresäniň ähli hojalyk we okuw-terbiýeçilik işlerine Idris babanyň özi ýolbaşçylyk edipdir. Onuň onlarça sopusy, dershana serenjamçylary, hatdatlary, kitapdarlary, depder, galam we syýa kätipleri, ekerançylyk we maldarçylyk işgärleri bolup, olaryň hersi öz işine ussat adamlar eken. Medresede Idris babanyň ýolbaşçylygynda talyplaryň 200-den gowragy bilim alypdyr.

Maýsa ÇARYÝEWA,
TDP-niň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar