Milli medeniýetimiziň belent waspy

23 Iýun 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynyň işi has-da ösdürilýär. Häzirki ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýürekleri buýsanja besleýär. Bu ajaýyp şäherde milli medeniýetimiziň öwüşginlerini görmek, aýdym-sazyň belent owazyny diňlemek örän ýakymly. Aýdym-sazlar, dabaralar ynsanyň ruhuny belende göterýär, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem Medeniýet hepdeligine döredijilik we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar