Françaýzing — telekeçilik üstünliginiň esasy

9 Iýun 2024
450

Bazar ykdysadyýetiniň ösmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri birnäçe görnüşli oba hojalyk we senagat önümlerini eksport etmekde hem uly üstünliklere eýe bolýarlar. Telekeçiligiň netijeli görnüşleriniň biri bolan françaýzingi ösdürmekde, daşary ýurt kompaniýalary bilen içgin arabaglanyşygy saklamakda häzirki wagtda telekeçilerimize giň mümkinçilikler döredilip berilýär.

Françaýzing telekeçiligi — bu iri kompaniýalaryň telekeçilik işleri bilen meşgullanýan kärhanalar bilen özara ylalaşykly hem-de ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň ulgamy. Françaýzing iri kompaniýalar (françaýzer) bilen kiçi, ownuk kärhanalaryň, telekeçileriň (françaýz) arasyndaky baglaşylan şertnama esasynda hereket edýär. Françaýzing şertnamasyna laýyklykda, françaýzer ylalaşylan çäklerde, territoriýalarda öz harytlaryny ýerlemäge, öz brendi bilen harytlary öndürmäge hem-de onuň söwda nyşanyny ulanmak bilen, hyzmatlary amala aşyrmaga françaýza ygtyýar bermäge borçlanýar.

Wepa ÖWEZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar