«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkezi — gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine edaranyň agzybir zähmet köpçüliginiň şu ýylyň ilkinji 5 aýynyň jemleri boýunça gazanan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
Aýratyn hem şäher gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleriniň birleşen tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri welaýat merkeziniň Nowruz, «Merkez-1», «Merkez-2», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Gülüstan şäherçesinde ýaşaýan ilaty tebigy gaz bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilen işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna mahsuslygy bilen tapawutlanýar.