Owazlar ýaňlandy şirwan perdeden

21 Maý 2024
478

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olaryň sungat äleminde ussat bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Netijede, welaýat sungat mekdebiniň mugallymlary Şamyrat Dawudow birinji, Bazartagan Weliýew ikinji orunlary eýelemegi başardylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Süleýman Toýlyýew üçünji orna mynasyp görüldi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Beýleki habarlar