Bereketli saçaklaryň bezegi

14 Maý 2024
728

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Biri-birine utgaşyp gidýän ugurdaş zolaklary dolduryp duran düzüm-düzüm pomidor düýpleriniň hersiniň 5-6 kilogram töweregi ýüki bar. Şu günler ýygymçy ýaşlaryň uly topary ýetişen hasyly yrýasyz ýygyp alýarlar. Plastik gaplara salnyp, taýýar önümleri kadaly şertlerde saklamaga niýetlenilen ýörite ammarda ýerleşdirilýän pomidorlar ýurdumyzyň dürli söwda nokatlaryna ugradylýar. Ýyladyşhananyň önümçilik kuwwaty, ýetişdirilýän hasylyň ýokary hili hem-de beýleki oňaýly ýagdaýlar täze şertnamalaryň baglaşylmagyna şert döredýär.

Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçilikde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän täzeçe usullaryň ulanylmagy ýyladyşhanada her ýylda ekologik taýdan arassa pomidoryň 2 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde azyklyk gök önümiň welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «Bonditto» görnüşi ekilýär. Olar uzak wagtlap terligini saklaýar, bu önümler alys aralyga daşalanda hem zaýalanmaýar. Munuň özi toplumyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar