Medeniýetiň ojagy

30 Aprel 2024
833

Asyrdan-asyrlara uzap gidýän gadymyýetiň jümmüşine näçe içgin aralaşdygyňça, türkmen halkynyň beýik we şöhratly halkdygy baradaky gymmatly maglumatlary bilmek bolýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjileriniň biri Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirildi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler.

Bägül HOJAÝEWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
Beýleki habarlar