GARAGUMA GELEN GUWLAR

7 Aprel 2024
728

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň baharky keşbidir

Ol ýerlere ýetäýmek üçin sürüjileriň aýdyşy ýaly, «boýnuňy ep-esli sozmaly». Aşgabatdan ugraýşyňa, Gyzylarbada ýetip, ondanam demirgazyga ýüzüňi tutuşyňa, 30 kilometrden gowrak ýol söküp, Garagum derýasynyň gaýrasynda küren tutan Garabogaz obasyna ýetersiň. Ondanam gaýra-gündogara tutduryp ugrarsyň. Tutly, Çerkezli, Tamly ýaly, gum içinde birwagtlardan bäri oturan obalary ýakalap ötüp, 140 kilometr ýoly Garagumuň guba çägelerini, ak takyrlaryny, gyrlaç ýapylaryny synlaý-synlaý nädip geçeniňem bilmän galarsyň. Özem telim ýerde Uzboýuň gadymy hanasyny — Amyderýanyň birwagtlar Hazara şaglap guýan köne ugruny: «Beh, bu ne beýle oý-la!» diýip, täsin galyp synlap, üstünden ötersiň.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar