«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

3 Aprel 2024
793

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýän «Türkmenistan ‒ ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we  talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.