Meşhur aýdymçy Jastin Timberleýkiň «Everything I Thought It Was» ady bilen 6-njy studiýa albomy diňleýjilerine gowuşdy. Albomda 18 aýdym bolup, olaryň arasynda «Selfish», «Memphis», «No angels», «Play», «Drown», «Love & War» ýaly aýdymlar bar. Ýygyndyda amerikaly repçi Tobe Nwigwe, nigeriýaly aýdymçy Fireboy DML, şeýle-de NSYNC topary bilen bilelikde ýerine ýetirilen kompozisiýalar hem ýer alypdyr.
Maglumat üçin, aýdymçy Jastiniň soňky studiýa albomy 6 ýyl mundan ozal çykypdy. 2018-nji ýylyň fewral aýynda «Man of the Woods» ady bilen diňleýjilere gowşan albomy aýdymça uly meşhurlyk getiripdi. «Man of the Woods» albomy «Billboard 200» sanawynyň birinji ornuny eýeläpdi. Albomdaky «Filthy» we «Say Something» aýdymlary bolsa «Billboard Hot 100» sanawynyň ilkinji onlugynda ýer alypdy.