Bosagada — ählihalk bag ekmek dabarasy

15 Mart 2024
646

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň 26-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bolsa ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýazky bag ekmek möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Şunda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Müdirlige Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda, Ak bugdaý, Bäherden we Bekrewe sebitlerinde ýerleşýän tokaý hojalyklarynyň 7-si degişli. Müdirlik tarapyndan sosna, tuýa, türkmen arçasy, tut, klýon, ýasen, garagaç, dub ýaly birnäçe agaç, şol sanda topragyň şoruny azaltmak üçin igde nahallary ýetişdirilýär. Howany arassalamakda, kislorody bölüp çykarmakda bu agaçlaryň ähmiýeti uludyr. Tokaý hojalygy müdirliginde ýazky bag ekmek möwsümi üçin nahallary taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda oturdyljak bag nahallarynyň 3 million düýbi öňden bar bolanlarynyň üstüni ýetirer.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar