Al­tyn ba­ly­jak­lar ha­kyn­da

23 Ýanwar 2024
2929

Al­tyn ba­ly­jak­lar te­bi­ga­tyň tä­sin gö­zel­li­gi ha­sap­lan­ýar. Olar karp­lar maş­ga­la­sy­nyň we­kil­le­ri­niň bi­ri­dir. Hy­taý­ly­lar bu ba­ly­ja­gy ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler. Bu ba­lyk­laryň gy­zyl ýa-da al­ty­n menekli öý­jük­le­ri bol­ýar. Ba­lyk­çy­lar seç­gi iş­le­ri­ni ge­çir­mekleri ne­ti­je­sin­de çal, sa­ry menekli al­tyn ba­ly­jak­la­ryň to­hum­la­ry­ny dö­re­dip­dir­ler.

Tak­my­nan, IX asyr­da ba­lyk­çy­lar ta­ra­pyn­dan al­tyn ba­ly­jak­lar tu­tu­lyp­dyr. Em­ma olar bu ba­ly­jak­la­ry iý­män­dir­ler. Ba­lyk­la­ryň gö­zel keş­bi adam­la­ry haý­ran gal­dy­ryp­dyr. Şol se­bäp­li hem ýö­ri­te ho­wuz­la­ry dö­re­dip, ola­ry onuň için­de sak­lap­dyr­lar. Şeý­le ho­wuz­la­ry yba­dat­ha­na­la­ryň go­la­ýyn­da gu­rup­dyr­lar. Din­dar adam­lar bol­sa, ola­ra yzy­gi­der­li ideg edip­dir­ler we iý­mit­len­di­rip­dir­ler. Olar bu ba­ly­jak­la­ry öz­le­ri­niň go­rag­çy­sy hök­mün­de ka­bul edip­dir­ler.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan Ene­baý AN­NA­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.