Täsin deňiz jandary

27 Iýun 2023
2037

Narwal – täsin deňiz jandary hasaplanyp, oňa başgaça ýeke şahly deňiz jandary hem diýilýär. Bu jandar süýdemdirijiler maşgalasynyň narwal atly ýeke-täk urugynyň wekilidir. Onuň ady islandiýa dilinden gelip çykyp, «nar» – «kül reňk», «wal» – «kit» diýmegi aňladýar. Bedeniniň uzynlygy 3,8 – 4,5 metr, täze doglan narwal çagasynyň uzynlygy 1 – 1,5 metr, erkekleri 2 – 3 tonna, urkaçylary 900 kilogram töweregi bolýar. Kellesi togalak, ýöne maňlaýy öňe çykyp durýar.

Olaryň iki sany depe dişi bolýar. Erkek narwalyň çepe towlanan spiral şekilli gyýak dişleriniň agramy 10 kilogram, uzynlygy 2 – 3 metre deň bolýar. Urkaçylarynda bular ýaly dişler örän seýrek bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.