Önümçilikde — täze önümler

6 Iýun 2023
903

Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň iş tejribesi ýurdumyzda önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmaklyga alnan ugruň bähbitlerini aýdyň görkezýär. Paýdarlar jemgyýeti döredilmänkä, bu könelişen önümçilikde 100 çemesi adam zähmet çeken bolsa, häzir işgärler birnäçe esse artdy. Öndürilýän önümleriň görnüşleri we möçberi üznüksiz artyp, hili barha ýokarlanýar.

2020-nji ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasynyň ilkinji günlerden kärhananyň durkuny täzelemäge, önümçiligi giňeltmäge, önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga ugur almaklary oňat netije berdi. Üç ýylyň dowamynda kärhananyň çägi uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Önümçiligi dowam etdirmek we giňeltmek bilen bir wagtda dolandyryş, önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň hemmesiniň durky täzelenýär, abatlanýar, rejelenýär. Könelişen enjamlaryň abatlanmagynyň we çalşyrylmagynyň hasabyna, kärhananyň esasy önümçilik ugry — gön önümlerini öndürmek boýunça iş orunlarynyň sany artdyryldy. Eýeçiligiň täze görnüşinde işlenen ilkinji ýylda kärhana 14 million inedördül desimetr gön öndürip, köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek öz önümçilik kuwwatlylygyna ýakynlaşdy. Soňky iki ýylyň netijeleri has hem gowulanýar.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar