Täsin sungatyň ussady

26 Maý 2023
1496

Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşsaň, onuň örän täsin, biri-birini gaýtalamaýan görnüşlerine-de gabat gelýärsiň. Senemiň taýýarlaýan milli lybaslary hem sungatyň üýtgeşik görnüşleriniň biri. Ýörite keşplere (manikenlere) geýdirilen ol lybaslary uzakdan göreniňde, ýüpek sapaklar bilen elde keşdelenendir diýýärsiň. Golaýdan synlasaň bolsa, onuň düýbünden başgaçadygyna göz ýetirýärsiň. Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa Senemiň öwgüsini ýetirende, onuň reňkler bilen işleşýändigini aýdanam bolsa, inçelik bilen nagyşlanan lybaslary görenimizde, olaryň galamlar (kistler) bilen ýerine ýetirilendigine birbada ynanyp bilmedik.

Senem Berdiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy. Häzirki wagtda etrabyň 2-nji orta mekdebinde surat mugallymy bolup işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. Senemiň çagalygyndan surat çekmäge höwesli bolmagy tötänden däl. Onuň ýüreginde bu sungata söýginiň döremegine kakasy, etrapda belli suratçy Sapargeldi Dolyýew sebäp bolýar. Kakasy sähra çykyp, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny ak kagyzyň ýüzüne jäheklän pursatlary, kiçijik Senemem onuň gapdalynda oturyp, meýdan gülleriniň, guşlaryň suratyny çekerdi. Howlularynda ösüp oturan nar agajy miwe getirende, şahalaryna bezeg berýän gyrmyzy reňkli narlara gözi düşen gyz durup bilmändi. Eline galamyny alyp, tebigatyň bu täsin peşgeşini suratyň ýüzünde janlandyrypdy. Ýaş zehiniň uzakly gün iş edinip çeken suratyny synlan Sapargeldi aga şonda: «Gyzym, tüweleme, surat çekmäge ökdeläp barýaň-a sen. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýleni-dä» diýip, buýsançly aýdypdy.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar