Pawlowniýa önümçiligi: girdeji, bezeg we arassa howa

8 Maý 2023
984

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle özgertmeleriň hatarynda oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak hem uly orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu gezek Türkmenistan üçin täze önümçilik bolan pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmek we onuň ykdysady bähbitleri barada söhbet ederis.

Makalanyň pawlowniýa agajy hakda bolmagy ýöne ýerden däl. Birinjiden, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylmagy, mebel önümçiliginiň hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýär. Şeýle şertlerde mebel önümçiliginde esasy çig mal hasaplanylýan pawlowniýa agajynyň ösdürilip ýetişdirilmegi gurulýan binalardaky gerekli öý hojalyk mebellerini dolulygyna öz önümlerimizden ýasamaga şert döreder. Ikinjiden, bu agajyň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly, ýurdumyzyň eksport kuwwaty artar, ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanar.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hususy hukugy hünäriniň magistranty, telekeçi.
Beýleki habarlar