Türk­me­niň uçar ga­na­ty

23 Aprel 2023
2379

Türk­men hal­ky şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry dö­re­dip­dir, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şap, aja­ýyp be­dew­le­ri se­ýis­läp­dir. Us­sat se­ýis­ler be­dew at­la­ryň gö­zel, ýyn­dam, yn­san gy­lyk­ly bol­ma­gy üçin ideg edip­dir­ler. Şeý­le hem be­dew­le­ri dür­li gör­nüş­li be­zeg şaý­la­ry, at es­bap­la­ry bi­len be­zäp­dir­ler. Hut şeý­le be­zeg şaý­la­ry­nyň özi hem be­dew at­la­ra bo­lan buý­san­jyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ök­de zer­gär­le­riň elin­den çy­kan, al­tyn ça­ýy­lan at es­bap­la­ry be­dew­le­riň gö­zel­li­gi bi­len saz­la­şyp, aja­ýyp öwüş­gin ber­ýär. Be­zeg şaý­la­ry ýa­sa­lan­da, köp­lenç al­tyn-kü­müş­den peý­da­la­ny­lyp­dyr we onuň dur­nuk­ly­ly­gy­na aý­ra­tyn üns ber­lip­dir. Şaý-sep­ler bi­len be­ze­len be­dew­le­ri­miz has owa­dan, sy­rat­ly gö­rün­ýär. Ba­şy uýan­ly, boý­ny ala­ga­ýyş­ly, kük­re­gi­ne gö­wüs­bent da­ky­lan at­dan gö­zü­ňi­zi aý­ryp bil­mer­si­ňiz.

Gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy gö­re­ni haý­ran gal­dyr­ýan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň hem­me­si­niň di­ýen ýa­ly bo­ýun­la­ry­nyň öl­çe­gi­niň deň­räk bo­lan­dy­gy se­bäp­li, bir ata ni­ýet­le­nen ala­ga­ýyş beý­le­ki at­la­ra-da bo­lup­dyr. Ala­ga­ýyş ýü­zi na­gyş­la­nan ga­ýyş es­bap bo­lup, atyň boý­nu­na dak­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.

Gü­lä­lek GUL­JA­NO­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.