"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylham akabasy

Bu gözel mekana gadam basan badyma, ynsan duýgularynyň güýji barada okan setirlerim ýadyma düşdi. Munuň başgaça boljak gümany-da ýok. Sebäbi şu mekanda ynsanlaryň kalbyndaky belent duýgular töweregiň gözelligine ses goşýar. Bu ýerde bir gezejik bolup görenler gürrüňimiň Arkadag şäheri barada barýanyny derhal aňlandyrlar. Aňlaýyşlary ýaly-da, her bir ädimi ertekini, arzuwlaryň hasyla durmagyndan dörän gudraty ýatladýan şäheriň täsirlerine dulanandyrlar. Ajaýyp eserler ynsanlaryň kalbyna bir pursat gonak bolan ylham atly ganatly duýgularyň miwesi. Olaryň her biriniň — ajaýyp surat eseriniň, goşgynyň, kyssanyň, aýdymyň, sazyň... döreýşinem gudrata deňäp bolar. Ýok ýerden şeýle ajaýyplygyň döremeginde asman bilen baglanyşygy görmek kyn däl. Dünýäniň çar künjündäki, ady dillerde dessan bolan, asyrlardan-asyrlara ýaşap gelýän gözel binalaryň birini göz öňüne getirip göräýiň. Olary gudratdan başga nämä deňäp bolar?!

Hakyň serpaýy (Hekaýa)

Indi üç günüň içidir, dört atlynyň şol ümzügini öňe tutup, ýol söküp barşydy. Adamlar argyn ýaly görünse-de, bahar pasly bolansoň, göwünleri joşgunlydy. Öňde aňyrsyna-bärsine gözýetmez sähralyk başlandy. Daş-töweregi synladygyňça, synlasyň gelýärdi, gözellikler nepesiňi durlaýardy. Atlylar Beňňiwan diýlip atlandyrylýan beýik depäniň eteginde saklanyp, az-kem dem-dynç alyp, ýene ýola rowana boldular. Magtymgulynyň her düşelgede dünýä, ylym-bilim baradaky çuň pelsepeli söhbetleri, okaýan goşgulary ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly edýärdi. Sähranyň gyzyl köz ýaly gülälekleri pessaý şemalyň badyna ikibaka yranyp: «Bizi synlaň!» diýýän ýalydy. Bu görnüşe kalby joşan iki ýetginjek — Aran bilen Esenaly yz çaljak bahanasy bilen şahyrdan ejaza alyp, öňe okdurylyp gitdiler. Aradan çaý içer salym geçip-geçmänkä-de, yzyna dolanyp geldiler. Atlarynyň yzyndaky bökderilgi horjunlarynyň gäbe görünmeginden, ýigitleriň wagtyhoşlugyndan awlarynyň şowly bolandygyny soraman biläýmelidi. Esli wagtdan Dehistanyň belent minaralary Gün nuruna öwşün atyp göründi. Bu ajaýyp görnüşe kalby joşan Magtymguly özüne mahsus owazy bilen ýuwaşja hiňlenip başlady: Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem.Bahawetdin, Mirkülal, Zeňňi Babany görsem.

Türk­meniň, dünýäniň buý­san­jy

(Ýazyjy Osman Ödäýewiň Magtymguly barada aýdanlaryndan) Magtymguly — türkmen halkynyň wyždany! Bu asyl-ha ulaltma däl! Magtymguly tutuş Gündogaryň, tutuş eýýamyň wyždanydyr.

Egsilmejek çeşme

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy nesli, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşan Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary hem-de Magtymgulynyň ýedinji nesilleri Gara işandyr Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde-de dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi. Halk arasynda ýaşap gelen rowaýat häsiýetli bu maglumatlary Gara işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pyragy alymyň dünýäsinde

Ata-babalarymyz: «Köp zady bilmek düýpli zady öwrenmekdir» diýýär. Munuň şeýledigini belli alym zenan Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynda beýan edilen beýik akyldar hakyndaky ylmy seljermeleriniň çuňňur we hertaraplaýynlygy-da aýdyň subut edýär. Kitapda akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň esasynda halklaryň milli edebiýatynyň gadymydygy we dowamlydygy, edebi-taryhy şahsyýetleriň bolsa çuňňur ylymly aryflardygy edebiýat nukdaýnazarynyň ykraryýetinde açylyp görkezilýär.

Şygyrlary şekerli Şirazy

Magtymguly Pyragynyň dünýäsine nazar aýlanyňda, ussadyň Firdöwsi, Jamy, Sagdy, Hawyz Şirazy ýaly ägirtlere çuňňur hormat goýandygyny görmek bolýar. Bu günki gün «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň hatarynda Hafyz Şirazynyň hem heýkeli oturdyldy. Pars edebiýatynyň meşhur wekilleriniň biri Şemseddin Muhammet ibn Bahaweddin Hafyz Şirazy 1325-nji ýylda Şirazda dünýä inýär. Ussadyň ömri baradaky maglumatlar, aglaba halk arasyndaky rowaýatlara esaslanýar. Kakasy ir ýogalyp, maşgala ekleýjisiz galsa-da, kyn güzerana garamazdan, ol bilimleriň dünýäsinden daşlaşmaýar. Sekiz ýaşyndaka Gurhany-kerimi ýat beklän Şemseddin «hafyz» tahallusyny alýar. Attar, Nyzamy, Rumy, Sagdy ýaly ägirtleriň döredijiligi bolsa onuň ýolgörkezijisine öwrülýär. Onuň soňraky şygyrlary käbir babatda Omar Haýýamdyr Jelaleddin Rumynyňky bilen bir hörpden gopsa-da, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Attaryň okuwçysy bolmagy onuň ylym dünýäsine aralaşmagyna badalga berýär. Filosofiýa, sopuçylyk ylmynyň jümmüşine aralaşdygyça, şygryýet ony özüne has imrindirýär. Onuň şygyrlaryny okan adam göýä gözellikden doly tebigata seýran eden ýaly ýakymly duýgyny başdan geçirýär. Munuň özi şahyryň kalbynyň dünýä bolan söýgüden pürepürligi bilen baglanyşyklydyr. «Şekerleb» lakamy hem oňa goşgularynyň şirinligi sebäpli berlipdir.

Lezzet (Tymsal)

Maňa bu tymsaly çagakam garry atam gürrüň beripdi. Akyldar Pyragynyň öz halypasy saýan ussatlarynyň biri Omar Haýýam Balhda medresede okap ýören döwürleri şeýleräk bir waka bolýar. Onuň diňe bilim bilen meşgul bolup, töwerek-daşyna üns bermän, hemişe bir zatlaryň gözleginde bolup ýörmegi deň-duş talyplarynyň käbirinde göriplik duýgusyny döredipdir. Sebäbi Haýýam beýlekilerden barha öňe saýlanypdyr. Bir günem olar halypalaryna bildirmän, Omar Haýýamyň ýanyna baryp: «Ussadymyz saňa aýratyn tabşyryklar, artykmaç üns berýär, ýogsam şeýle üstünlik gazanmak üçin nämeleri okamalydygyny nireden biljek?» diýip, pikirlerini mälim edipdirler. Omar Haýýam olara jogap bermäge derek, tekjesindäki kitaplara ümläpdir-de: «Alyň, sizem okaberiň şulardan» diýipdir. Oglanlaryň hersi eline bir kitap alyp, Haýýamyň ýanyndan gitselerem, birnäçe günden ýene-de şol gürrüňe dolanýarlar: «Sen bize kitabyň haýsy ýerini okamalydygyny salgy bermediň-ä» diýip, oglanlaryň biri hüňürdeýär. Olaryň halys goýmajagyna gözi ýeten Haýýam ýylgyrýar-da, elindäki kitabyny bir gyra goýup, gürrüňe başlaýar: «Gök öwsüp oturan giň meýdanda sygyr bilen geçi otlap ýörmüşin. Äwmezlik bilen gäwüşäp ýören sygryň gözi geçidemişin. Geçi her bir oty, güljagazy gözlerini süzüp, şeýle bir lezzet bilen çeýneýärmişin welin, sygryň göriplikden ýaňa iýeni içine gitmeýän ýalymyşyn. Ol: «Onuň tarapyndaky otlar şeýle üýtgeşikmikä? Menem h

Medeniýetiň şanyna

Ýene beýik hakykatlar, kök urdy şahyr şygryna: Mertden önen merdananyň çäksiz yşkyna ýugrulan, Halallyk Galkynyş berdi bedew deý ýyndam döwrüme, Toýlar toýlara ulaşýar, şatlyk-şatlyga höwrügip, Her pursady lezzet paýlap, köňüllere, janyňa, Arkadag şäherinde toý, medeniýetiň şanyna. Çekilýän her bir zähmetiň mynasyp miwesi bardyr, Tejribesi badalgadyr, okaýan ylymy nurdur, Köňül içre ýagşy niýet hem ynam-yhlasy bardyr, Medeniýet hepdeligi — 2024-iň Her pursady lezzet paýlap, köňüllere, janyňa, Arkadag şäherinde toý, medeniýetiň şanyna.

Pyragy

Keremli kämil keşdesi, Kalbymda kelam, Pyragy. Reňbe-reň, röwşen rişdesi, Sagadat-senam, Pyragy.

Durmuş kyssasy

Bir döwürler şäheriň golaýynda ýerleşýän kiçiräk obalaryň birinde söweş sungatyndan tälim berýän ýaşuly mugallym bar eken. Günleriň birinde ol okuwçylaryna tälim berýän mahaly, onuň ýanyna öz gödekligi, tertipsizligi bilen tanalýan ýaş oglan gelipdir. Oglan ýaşuly mugallyma daş atyp, ony kemsidip başlapdyr. Mugallym oňa üns bermän, sapagyny dowam edipdir. Soňra bu hereketlerinden halys ýadan ýigit öz ýoly bilen gidipdir. Beýle hereketlere hiç hili jogap bermedik mugallyma onuň okuwçylary gaty geň galypdyrlar we ondan: «Näme üçin oňa hiç zat diýmediňiz?» diýip sorapdyrlar. Parasatly mugallym bolsa şeýle diýipdir: — Eger-de kimdir biri siziň ýanyňyza sowgat bilen gelende, siz ony kabul etmeseňiz, ol sowgat kimde galar? — diýip sorapdyr.

Manyly ömrüňe dönem, Arkadag!

Ýylgyryp gelýän günleriň deňzine akyşy, meňzine bakyşy üýtgeşik. Gujury batly, gujagy datly. Beýik döwrüň özüne kybap özgerişliklerini her bir ädim duýdurýar. Hemişelik ýadyňda galjak wakalaryň, ajaýyp açyşlaryň, täsinlikleriň sakasynda, bagt akarynyň ýakasynda ýaşaýas, ýaýnaýas, gaýnaýas. Döwrüňden-döwranyňdan, günüňden-güzeranyňdan hoş bolup ýaşamakdan, döretmekden, oňa guwanmakdan ýokary durýan baýlyk barmydyr eýsem?! Uly dünýäden soragym şoldy. Gahryman Arkadagymyzyň döreden döwrüniň gujagy aýdyma, mukama, höwese, hyýala öwürdi. Eşretli eýýam görülmedik ösüşleri, özgerişleri, sansyz açyşlary bilen başgaça bolup geldi. Diýara dünýä täzeligini, tämizligini, terligini saldy.

Magtymguly Pyragy

Bu gün Dogdy asmanyň Zöhresi,Çyn aşyga döwran bu gün.Açyldy zemin lälesi,Işbu dünýä reýhan bu gün.

Söz ummanynyň zergäri

Magtymguly Pyragy ýiti parasadyň, ötgür sözüň güýji bilen ady arşa göterilen beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň belent mertebesi, oňa bolan hormat-sylag her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Milli Liderimiz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň şu günki berkarar döwletini ýürekden arzuw etdi. Akyldaryň köňül telwaslary külli türkmen iliniň kalbyna doga kimin ýazyldy, çylşyrymly syýasy wakalaryň döwründe halkymyzy sussupeslikden gorady, röwşen ertirlere ynam berdi. Köňli paýhasa, sabyr-takada maýyl halkymyzyň agzybirligini berkitdi. Beýik akyldaryň şygyrlary köňüllere parasatly pederlerimiziň ruhubelentlik ýoly bilen galkynmak, gurmak, döretmek, ýaýrap köpelmek ýaly ýagty we mukaddes pendini gowşurdy. Munuň özi beýik söz ussadynyň bize eden hyzmatydyr, çünki akyldar üçin geçmişem, şu günem, geljegem aýan bolupdyr. Magtymgulynyň durmuş wakalaryny dogruçyl beýan etmekde, daşky dünýäniň we çeper keşpleriň aýratynlyklaryny suratlandyrmakda özüne mahsus bolan şahyrlyk ussatlygy bar. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras goýan akyldar şahyrdy

Arkadagym, şöhrat Saňa, şan Saňa!

Döwri dürlän ýatlamalar diýseň kän,Mümkin däl sanamak ýekänme-ýekän.Ädimleri ägirtlikde Serkerdäň,Arkadagym,                       şöhrat Saňa, şan Saňa! Ýurt başyna gonduň Döwlet Guş bolup,Aýňaldansyň eýýamyňy huş bolup.Dil saýrady döwranyňa duş bolup,Arkadagym,                     şöhrat Saňa, şan Saňa!

Beýik Pyragynyň şygryýet güni

Gül Diýarym toý-baýrama beslendi,Beýik Pyragynyň şygryýet güni.Şahyr, bagşy, ozan — bary seslendi,Beýik Pyragynyň şygryýet güni. Ýaşulular, aksakgallar öň bolup,Toý başlaýas uly-kiçi, deň bolup,Mukamlar ýaňlanýar belent heň bolup,Beýik Pyragynyň şygryýet güni.

Hoja Ahmet Ýasawy we Magtymguly

Milli medeniýetimiziň ösüşlere beslenýän döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde möhüm işler alnyp barylýar. Bu işler şahyryň özünden öň ýaşap geçen dünýä akyldarlarynyň edebi däplerini ösdürişi hakda söz açyp, ony dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmagyň möhümdigini kesgitleýär. Umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeleri ösdüren beýik şahsyýetleriň biri özüniň gymmatly mirasyny geljekki nesillere goýan Hoja Ahmet Ýasawydyr. Professor Ý.E.Bertels «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» atly ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine Hoja Ahmediň hikmetleriniň ägirt uly täsir edendigini belläpdir. Magtymgulyşynas alym Ahmet Bekmyradow bolsa «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly kitabynda Pyragynyň Ýasawynyň ömür ýoluna ýakyndan belet bolandygyny:

Şygryýetiň dürdänesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasydyr. Magtymguly Pyragy ýurt abadançylygyny, parahatçylygyny, asudalygyny arzuwlap, olary özüniň ajaýyp şygyrlaryna siňdirip, çeper dilde halka ýetirip bilen beýik şahsyýetdir. Şahyryň şygyrlaryna ser salanyňda, onuň watançylyk we terbiýeçilik äheňindäki goşgularyna has köp duşmak bolýar. Magtymguly özüniň şygyrlarynda Watana bolan söýginiň üsti bilen okyja uly täsir edýär. Bu bolsa haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşaýandygyňa garamazdan, şahyr bilen okyjynyň arasynda ruhy baglanyşyga öwrülýär. Onuň goşgularyny okadygyňsaýyn, her gezek söýgi we wepalylyk, sabyr-kanagat, kiçigöwünlilik we adamkärçilik ýaly düşünjeleriň täze çäkleri açylýar. Şahyr özüniň şygyrlarynda türkmen halkynyň beýikligini, sabyr-kanagatlydygyny we tutanýerlidigini çuň mazmunly beýan edýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny islendik ýaşdaky okyjy okasa hem, onda uly täsir galdyrýar. Okyjy şahyryň şygyrlaryny okap, uly many çykaryp hem-de durmuşa düşünip bilýär. Okyjyda edebiýata we döredijilige bolan söýgini oýarýar. Akyldar şahyr döredijilik bilen meşgullanýan adamlara ruhy halypa bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, ondan täsirlenip, bu günki günde birnäçe ýaş we halypa şahyrlarymyz goşgulary döredýärler. Şahyryň goşgulary häzirki wagtda il arasynda atalar sözleri we aýtgylar ýaly pähimlere öwrüldi

Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!

Getirdiň ilime baky bahary,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!Bedew batly ösýär oba-şäherim,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag! Asudalyk höküm sürýär Watanda,Dünýäm nura dönýär her daň atanda,Buýsanýan topragňa derim gatamda,Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!

Arkadagyň eserleri

Ýaş nesilleň göreldesi —Arkadagyň eserleri.Ulus-iliň ýörelgesi —Arkadagyň eserleri. Ylhamly döwrüň zynaty,Ynamly göwnüň ganaty,Ykbalyň Hakdan halaty —Arkadagyň eserleri.

Tymsallar

Açgözüň takdyry Üç söwdagär ymgyr çölde, kerwenleriň baryp bilmeýän alysdaky sebitinde ýerleşýän hem-de adamzadyň hiç haçan görmedik-eşitmedik beýik hazynasyny edinmegiň ugruna çykypdyr. Olar jöwzadan, ýadawlykdan ejir baryny çekip, kyrk günläp ýol ýöräpdirler. Şonda düýeleriň köpüsi heläk bolup, olaryň hersinde diňe bir düýe galypdyr. Şol arada olaryň alnynda kümüş böleklerinden durýan beýik dag peýda bolupdyr. Söwdagärler munuň üçin Ýaradana alkyş baryny aýdypdyrlar. Olaryň biri horjunyny kümüşden dolduryp yzyna dolanypdyr.