"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Enemiň wesýeti, atamyň pendi

Her ädimde gulagyma gelip dur, Enemiň wesýeti, atamyň pendi.

Mary bazary

Hormatly Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar” diýip belleýär. Gadymy döwürlerden başlap, “Älemiň ýedi ýolunyň çatrygy” diýlip atlandyrylan ene topragymyzyň üstünden ençeme ýyllaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly Gündogar bilen Günbatary birikdirýän esasy gatnaw ýollary geçipdir. Kerwen ýollarynyň ugrundaky Abiwerd, Nusaý, Sarahs, Ürgenç, Amul, Merw ýaly şäherlerde iri kerwen söwda düşelgeleri bolupdyr.

Gabrowolylaryň degişmeleri

GOJANYŇ JOGABY Öňem bir syýahatçy gabrowoly bir gojadan: “Şäheriňizde näçe ilat ýaşaýar?” diýip sorapdyr. Şonda ol goja:

Halkyň hazynasyndan

Gudaçylyk gürrüňi Iki kişiniň arasynda şeýleräk gürrüň boldy.

Älem giňliginde adyň, Arkadag!

«Arkadag» ýyldyzyna buýsançnama Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy älem giňişligindäki parlak ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn. Bu örän uly waka! Ol Watanymyzyň at-abraýynyň, Gahryman Arkadagymyzyň belent mertebesiniň Ýer ýüzünden älem giňişligine sary ýol salandygyny alamatlandyrýar.

Sözden çemen bogdum ejem jan saňa (goşgular toplumy)

SÖZ BERÝÄN SAŇA Durmuşda taýsam-da ýykylmajagma,Söz berýän, ejem jan, söz berýän saňa.Ykbal synagynda utulmajagma,Söz berýän, ejem jan, söz berýän saňa.

Şygryýet bossany

Ýaşlygymyň aýdymy Ýaşlygymyň soňlanmajak aýdymy,Ak bugdaýly meýdan,Bugdaýly meýdan.bakylygyň hem ýaşaýşyň baýdagy,Ak bugdaýly meýdan,Bugdaýly meýdan.

Lukman Hekimiň wesýeti

Lukman Hekim agyr hassa bolup ýatyrka obadaşlary onuň saglygyny soramaga gelipdirler. Olar hekimiň ýatyşyny görüp, gynançdan aglapdyrlar. Özleriniň bu beýik ynsanyň saglygynyň dikelmegi üçin kömek etmäge çäreleriniň ýokdugyna has hem ýürekleri gyýlypdyr. Obadaşlarynyň bu bolup oturyşlaryny gören Lukman Hekim: «Adamlar näme aglaýarsyňyz?» diýip, olara ýüzlenipdir. Şonda obadaşlary: «Siz bizi dertden saplaýardyňyz. Indi size bir zat bolaýsa, bizi kim bejerer?» diýşip, has beter aglapdyrlar.

Çarwa durmuşyndan parçalar

Maljanly çarwa pederlerimiz malyň dili gylawlasa, oňa duz ýaladypdyrlar. Bir sebäp bilen düýäniň endamy goturlasa, çarwalar ony garaýag bilen saplaýarlar. Endamyna garaýag çalnan mal aňyrsy bir hepdä ýetip-ýetmän bu dertden saplanmak bilen bolýar. * * *

Magtymguly etraby

Da­na akyl­da­ryň dog­lan me­ka­ny,Pä­him-paý­has bo­lup aň­da be­kä­ni,Yl­ha­ma duş eder kö­ňül sa­ka­ňy,Gül-gun­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by. Seýl et­seň, gö­rü­ner Py­ra­gyň keş­bi,Te­bi­ga­ty haý­ra­na go­ýar çeş­mi,Hik­met­li söz­le­re örk­le­nen tes­bi,Zer par­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by.

Mag­tym­gu­ly Pyragynyň köňül aýnasy

Goşgyny şahyryň göwün manzarasyndan aýry göz öňüne getirip bolmaýar. Adamyň köňli juda çylşyrymly. Göwün bipeýan giňişlige eýe bolup, ol arzuw-isleglerden püre-pür bolýar. Onda adamyň ähli duýgy-düşünjeleri joş urýar. Şonuň üçin-de, yşk, küýseg, gaýgy, şatlyk, gorky, ýigrenç... ýaly duýgular haýsydyr bir «lybasyny» geýip, daşyna çykýar.

Magtymguly Pyragy

«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy» —Bu söz giden bir many,Köňülleriň çyragy —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy». Bagşylaryň dilinde,Has-da galýar belende,Bagty gelen ilimde,Arkadagyň şygary —«Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy».

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Kitaba türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen we dünýä ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözlerinden – köňül nagyşlaryndan parçalar girizilen. Magtymguly Pyragynyň bu kitaba ýerleşdirilen pähimleri we öwütleri umumadamzat kalbynyň ynsap ölçegleridir, olar ruhubelent, ynsanperwer, mert, ynsaply, ertirki güne ynamly bolmak çakylygydyr. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen.

«Ençeler gör, kitap okap»

Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bilen baglanyşykly mübärek Kararynyň we edebi-ruhy mirasymyzy ösdürmekdäki tagallalarynyň gönüden-göni netijesi bolan bu kitapda ýurdumyzyň dürli ylym we bilim edaralarynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň, aspirantlaryň Magtymgulynyň edebi mirasy, pelsepewi garaýyşlary bilen baglanyşykly makalalary ýerleşdirilen. Garaşsyzlyk ýyllary içinde täzeçe garaýyşlar esasynda ýazylan makalalar edebiýat muşdaklary üçin gyzykly we peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

Halkyň ruhy hazynasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň» taýýarlanylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Sanly we neşir görnüşde taýýarlanýan bu iş «Şahyryň edebi mirasy», «Ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy», «Esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi», «Türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny» diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.

Magtymguly, öwüt bergin söz bile

Türkmen edebi mirasymyzda öçmejek yz galdyran milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her bir jümlesi çuňňur mana eýedir. Dana şahyryň kämillige ýetmeginde pederi Döwletmämmet Azadynyň şahsy göreldesi uly täsir edipdir. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki nesil terbiýesi babatda aýdylanlaryň agramly bölegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde dowam etdirilýär. Ýaş nesli öz döwrüniň nusgalyk şahsyýeti hökmünde kemala getirmekde, dogry ýola gönükdirmekde parasatly şahyryň watançylyk, agzybirlik, dostluk, söýgi, edermenlik, döwletlilik, ahlaklylyk temalaryndaky goşgulary uly ähmiýete eýedir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary halkymyzyň aýratyn bir görelde mekdebine öwrüldi. Olar halk içinde nakyla öwrülip, häzirki günlere çenli dilden düşürilmän ulanylyp gelinýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň nesihatçy şahyrydyr. Muny parasatly şahyryň özi hem ençeme şygyrlarynda beýan edýär:

Körpelere okap beriň!

YNAM Goşulaýsaň ýaryşa,Diňe bir zada ynan.Üstünlige, ýeňişeBolmaly sende ynam.

Müň sowala jogap gözlän

(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan) Kitap tekjämden elime ilen kitaby sogurdym. Gözüme has yssy görnüp gitdi. Dagy nä! «Inim Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen Arazbaýdan» diýen ýazgy «Ruh» neşirýatynda 1995-nji ýylda çykarylan «Adat» diýen galyň kitaby açaýan ýeriňe ýazylypdyr. Ortadan uzynrak boýly, agajetden garaýagyz Arazbaý Öräýew göz öňüme gelip gitdi. Saçakly-sarmykly gatnaşmadygam bolsak, meniň oňa bolan hormat-sarpam uludy.

Pyragy we ruhy ahwalatlar

(«Kalbymyň sedasy we Pyragy» atly goşgular toplumyndan) ÖMÜRNAMA

Şygyrlaryň şirin owaz

Essalawmaleýkim Beýik halypa,Ylham dünýäsiniň nurly çyragy.Joşgunly setirleň ýüregme şypa,Beýik şahyr Magtymguly Pyragy. Ataňyzam beýik,                           pirdir ol, belki.«Wagzy Azat» bilen joşdurdy halky.Size hormatlarmy aýdaýyn ilki,Akyldarmyz Magtymguly Pyragy.