Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň kalby çäksiz buýsançly, guwançly. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller barada uly alada edýärler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň çuňňur düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwrebap çagalar baglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepler, şeýle hem sport mekdepleridir bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary bagtyýar çagalaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň kämil bilim almaklaryny, hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdaky aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny açyp görkezmegi üçin döredilýän amatly şertler oňyn netijesini berýär. Ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, ruhubelent, Watanyny söýýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatyna uýýan altyn nesil kemala gelýär. Bilimleriň çuňluklaryna aralaşýan we nurana geljege ynamly gadam urýan bagtyýar nesillerimiz özlerini döredijilik äleminde-de taplaýarlar. Olaryň döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere we beýleki çärelere gatnaşyp gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.