"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nesil terbiýesi

Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek wezipesi ene-ata bilen bilelikde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem paýyna düşýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak endiklerini ösdürmekde toplanan iş tejribelerden we usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Parasatly ata-babalarymyz «Salam — edebiň gözbaşy» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Salam dost-doganlygyň, düşünişmegiň, birek-birege hormat-sarpa goýmagyň, ylalaşygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, salamlaşmagyň düzgünlerini, manysyny ýaş nesliň aňyna guýmak wajyp meseleleriň biridir.

Eýjejik gyzjagazlaryň şadyýanlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik şanly ýylymyzda hem uly gyzyklanma eýedir. Munuň şeýledigine bäsleşigiň mekdeplerde geçirilen gözden geçirilişleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Ak bugdaý etrabynyň çäginde umumybilim berýän mekdepleriň 44-si hereket edýär. Şol mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan eýjejik gyzlaryň arasyndan sungata, döredijilige höweslilerini saýlap almakda we şadyýan bäsleşige gatnaşmagyny gazanmakda bilim ojaklarynyň ilkinji ýaşlar guramalary mynasyp tagalla etdi. Şeýle tagallalar mekdebara gözden geçirilişleriniň netijeli bolmagyny şertlendirdi.

Okuwçylara milli mirasymyzy öwretmek

Başlangyç synplarda okuwçylara milli mirasymyzy öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak oňyn netijeleri berýär. Sapakda elektron okuw-usuly serişdelerden peýdalanmak, öwretmek pursadynda ýeňillik döredýär. Elektron serişdeleri ulanmak mugallymyň sapaga taýýarlygyny ýeňilleşdirýär, onuň wagtyny tygşytlaýar. Ondan başga-da, sapagy adaty däl usullarda guramaga mümkinçilik berýär. Sapakda öwredilen maglumatlary berkitmek mugallymdan köp zähmeti talap edýär, sebäbi, birinjiden: başlangyç synp okuwçylarynyň okuw maglumaty kabul edişleri birmeňzeş däl. Ikinjiden, bilimleri we endikleri berkitmek sapaklary köp mukdarda mysal-meseleleri çözdürmegi talap edýär. Üçünjiden, okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin mysal-meseleleriň jogaplary we çözülişleriniň nusgalary gerek bolýar. Bu ýagdaýdan netijeli baş alyp çykmak üçin mugallym sapakda öňünden taýýarlanan elektron serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Mugallym tarapyndan taýýarlanan elektron serişdeler okuw kitabyndaky mysal ýa-da meseleler bolmaly däldir, olar okuw kitabynyň üstüni dolmalydyr.

Dil bilmek — baýlyk

Dil aragatnaşygyň iň möhüm serişdesidir, dil öwrenmek bolsa baýlykdyr. Dil adamyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň içki pikirleriniň asyl nusgasyny kemala getirýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda utgaşdyrylan sapaklary guramagyň usullary

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler, bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplar wajyp wezipelerdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak, okatmagyň pedagogik-psihologik ugurlaryny kämilleşdirmek, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak esasy wezipelerdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara bilim-terbiýe bermek işi pedagogik işleriň köpdürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlarynyň esasynda mekdebe çenli bilim we terbiýe bermegiň usulyýetiniň, okuw maksatnamalarynyň we okuw serişdeleriniň üstünde uly işler alnyp barylýar.

Ýaş binagärlerimiziň üstünligi

Şu ýylyň 11-12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty hem-de binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan onlaýn tertipde geçirilen dünýä çeperçilik medeniýetiniň ugurlary boýunça bäsleşige gatnaşdylar. Ençeme döwletiň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşige biziň talyplarymyz hem dürli ugurlar boýunça öz işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň eminler toparynyň netijesine görä, ýokary okuw mekdebimiziň sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hanmyrat Mämmedow «Şişkiniň döredijiligi», binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyplary Döwran Ataballyýew «EXPO sergileriniň taryhy», Jennet Rejebowa «Dünýä binagärliginiň merjenleri» we dizaýn kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mähri Ýazmyradowa «Leonardo da Winçi — Galkynyş döwrüniň ussady» ýaly ugurlar boýunça 1-nji orny eýeläp, halkara diplomlara mynasyp boldular. Talyplaryň şeýle bäsleşiklere we sergilere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklarynda halypa mugallymlaryň hem irginsiz zähmeti bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy talyplarymyzyň zehinleriniň has doly açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Watanyň geljegi hem daýanjy

Ata Watanymyzda ýaşlar, olaryň bilimi, terbiýesi, durmuşy bilen baglanyşykly her bir meselä döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri aýdyň şaýatlyk edýär.   Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenmegi başarýan, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip belläp geçmegi döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigini görkezýär. 

Abadan durmuşyň çyragy

Ylymdyr bilim hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleriň, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mizemez binýadydyr. Döwlet syýasatynda bu ulgamlaryň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilmegi hem şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadag Prezidentimiz bilim ulgamynyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilen ilhalar tutumlaryň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak alnyp barylýan işleriň baş maksadydyr. Kabul edilen Konsepsiýa bu asylly maksada ýetmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän tutumlara täzeçe itergi berer. Okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, mugallymlaryň iş ussatlyklaryny, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, tebigy we takyk ylymlardan baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýelemekde bu resminamanyň ähmiýeti uludyr. Milli bilim ulgamynda üstünlikli alnyp barylýan şeýle özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça

Ylym we bilim — ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň her bir ýaş raýatynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin aladalar edilýär. Bu ugurda ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine hem ýokary baha berilýär. Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» zehinli we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlar ylmy gurnaklarynyň we geňeşleriniň, döwlet derejesinde milli ýaşlar ylmy-döredijilik merkezleriniň işiniň gerimini giňeltmek, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň bilim başarnyklaryny, sagdyn durmuş endiklerini ösdürmek we degişli medeni-guramaçylyk işleri arkaly olaryň zehinlerini açyp görkezmek, saýlap alan hünärine ugrukdyrmak we höweslendirmek bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem, milli bilim ulgamynyň şu günki güne çenli gazananlary we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär hem usulyýet babatda toplan tejribeleri ýaşlaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bilim babatdaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini we ýaşlar babatdaky meseleleriň netijeli çözgüt tap

Zehinli ýaşlarymyzyň ýeňişleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Dürli bäsleşikleriň, olimpiadalaryň üsti bilen zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň gazanan halkara üstünlikleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» merkezi tarapyndan halkara derejesinde dürli bäsleşikler geçirilýär, ol ýaryşlara talyp ýaşlarymyz yzygiderli gatnaşýarlar, üstünlikli çykyş edýärler. Bu merkeziň üstümizdäki ýylyň 11-12-nji fewralynda geçiren halkara çeperçilik bäsleşiginde hem akademiýamyzyň amaly-haşam sungaty, binagärlik we dizaýn sungaty fakultetleriniň talyplary Hanmyrat Mämmedow, Döwran Ataballyýew, Jennet Rejepowa we Mähri Ýazmyradowa dagy üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldular.

Jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen berk baglanyşyklydygyny belleýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwrüň talabyna laýyk, giň dünýägaraýyşly, ösen ylmy tehnologiýalardan ýokary derejede baş çykarýan kämil ýaşlary ýetişdirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiz bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini nygtady. Şunda, aýratyn-da, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy hem-de takyk ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, ylmyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň we elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Sanly ulgamyň buýsandyryjy netijeleri

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň orta, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Munuň netijesinde bilim-ylym dünýäsine çuňňur aralaşmak isleýän ýaşlara diýseň uly mümkinçilikler açylýar. Olar sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly, islendik ugra degişli maglumatlary çalt gözläp tapyp, ondan peýdalanyp bilýärler. Bu wagty tygşytlamaga, dürli ýurtlarda şol ugra degişli bar bolan täze maglumatlary, açyşlary aňsatlyk bilen tapmaga, öwrenmäge mümkinçilik berýär. Sanly ulgamyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaş nesliň diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin hem peýdalydyr. Bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylyp başlany bäri, şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiş gazanýan mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň sany barha artýar. Bu ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň oňyn täsir edýändiginiň alamatydyr.

Suratlardaky 10 tapawudy tapyň!

Döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde daşary ýurt dilleriniň ýöriteleşdirilip öwredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw, ylym we bilim maksatly edaralaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmäge bolan isleglerini döwrebap mümkinçilikler esasynda düýpli ösdürmäge şert döredýär. Olaryň iň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaş öwrenijileriň kompýuter sowatlylygynyň, daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.

Bilim ulgamynda

Kämillik ýoly bilen Ösüp gelýän ýaş nesliň Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden beýik döwrüne mynasyp adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin bilim ojaklarynda maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Bu wajyp işe biz hem yhlasly gatnaşýarys. Işimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kämil tehniki serişdelere giňden daýanýarys. Meniň özüm okadýan dersim boýunça internet ulgamynyň üsti bilen elektron okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Çuňňur bilim almaga ýardam berýän şeýle peýdaly usullaryň okuwçylara hem elýeterli bolmagyny gazanmak üçin ýadawsyz aladalanýaryn. Mekdebimiziň informatika okuw otagyndaky kompýuterleriň internet ulgamyna birikdirilmegi okuwçylara zerur bolan ylmy çeşmelere aralaşmaga we gerekli maglumatlary almaga amatly şertleri döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bäsleşik geçirildi Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda her güni ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly bilim ulgamynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda hem baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw--tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem ylym-bilimiň ösmegine uly itergi berýär. Bu bolsa halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, bu edilýän tagallalaryň hemmesi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçindir.

Ylmy gözlegleriň şowly netijeleri

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ulgamyň ornuny giňeltmek boýunça edýän tagallalary öz miwesini berýär. Bu tagallalaryň bir ugry dürli maksatly Internet saýtlaryny döredip, şolaryň üsti bilen maglumat goruny dolandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen iş maslahatlarynyň birinde hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dürli web-saýtlaryň 500-den gowragy döredilip, bellige alyndy. Bu işiň begendiriji tarapy, saýtlary döretmäge ýaş programmaçylaryň ýakyndan gatnaşýandygydyr. Dürli ugurlar boýunça gollanmalardyr maglumat gorlaryny web-saýt görnüşine geçirmäge synanyşyk diňe bir ýörite bilimli hünärmenleriň däl, eýsem, mekdep okuwçylarynyň ylmy-taslama gözleglerinde hem göze ilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary hem şeýle maksatly tutumlaryň birnäçesine girişdiler. Şu ýazgylarymyzda şolaryň ikisi bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik.

Bilimli nesliň aladasy

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, ozaldan hereket edýänleriniň ýokary derejedäki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu zatlar ösüp gelýän ýaş nesliň bilimiň esaslaryny netijeli ele almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmagyna, döredijilik ukynyň ösmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalarynyň rowaçlanýandygyna bu gün uly buýsanç bilen göz ýetirip gelýäris. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerine, şeýle-de takyk ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Olarda bagtyýar ýaşlar döwrüň ösen ruhuna laýyklykda bilim alýar, hünär öwrenýär. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň beren bimöçber bagtydyr, peşgeşidir.

Ökdeler öňe saýlandy

Bereket etrabynyň orta mekdepleriniň arasynda etrap bilim bölümi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň baş maksady ata Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly eserlerine, ata-babalarymyzyň ýörelgelerine, edebiýatymyza, sungatymyza, milli mirasymyza belent söýgi döretmekden, kämil, giň dünýägaraýyşly, edepli, göreldeli, ýiti zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Ýaş alymlaryň döredijilik sergisi

Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, ýaş alymlaryň täze işläp düzen taslamalarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen “Ýaş alymlaryň sanly ylym ulgamdaky gazananlary” atly ýörite sergi guraldy. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täze başlangyçlary, oýlap tapan ylmy taslamalary, işläp düzen kompýuter maksatnamalary giňden ýaýbaňlandyryldy. Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň binýadynda hereket edýän ýaş alymlar merkezinde, ylmy tejribehanalarda, şeýle-de “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde ýerine ýetirilen taslamalaryň maksady ýurdumyzyň medeni, syýasy, ykdysady üstünliklerini ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Olaryň arasynda okuw maksatlary bilen döredilen programmalaryň we bilim portallaryna niýetlenen täze taslamalaryň bolmagy bellärliklidir.