Syýahatçylyk pudagy — täze wezipeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşli, özgerişli, buýsançly we şöhratly ýollar bilen öňe barýar. Halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, ösüşleriň täze menzillerine beslenýär. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi, milli kanunçylygyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi ähli ulgamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny düýpli ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk esaslary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alýar. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda: «Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär», 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip, binýatlaýyn konstitusion kadalar kesgitlenýär. «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurduň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.