Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan
Dokuzynjy gün. 7-nji düşelge. Esenguly Ertir ir turmak başartmady. Ýassyk şeýle bir ýumşak, ýoluň argynlygy, ýadawlygym-da endamymdan aýrylarly däldi. Seretsem, adamlar gaýmalaşyp ýör, hiç kimem tanamok. Turup kime näme diýmelidigini bilmedim. Myhman jaýdan adamlaryň sesi gelýärdi. Töwir edip otyrlar. Gowusy ýatan kişi bolmak. Turşuma, üst-başymy düzetmän, olara görnüp bolmaz. Gitdiler. Turup üstüme serenjam berdim. Myhman jaýa geçip, bary bilen salamlaşyp çykdym. Aýdakbibi ejeke garry hem bolsa, hasaly hem bolsa, öýde entegem soňky söz şonuňky. Gije jaýyň dizaýnyna kän üns bermedim. Emma irden turamda hemme zat göz-görteledi. Öýüň bezegi ýakymly hem kaşaň. Döwletli ojak. Bir ýandan ertirlik edinip otyryn, bir ýandan tanşyp otyryn. Çaýkeş hökmünde aýdýan: şeýle bir süýji çaýlary bar, içip ganyp bolanok. «Gara çaý şeýle gowy tagamly, ýakymly ysly bolup bilermi?!» diýip soradym.