"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sebitiň syýahatçylyk merjeni

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryna bezeg goşýan, göreniň akylyny haýrana goýýan täsin künjekdir. Sebitiň syýahatçylyk merjenine öwrülen, sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine eýe bolan bu gözel künjek özüniň ajaýyplyklary, giň amatlyklary bilen çäksiz gyzyklanma döredýär. Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, häzirki zaman şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki döwrebap desgalar täsin künjege nuranalyk goşýar. Deňiz kenarynda dynç almak, wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, saglygyňy dikeltmek üçin aňrybaş amatly şertler bar. Şeýle bolansoň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmäge höwes edýänler diýseň köp. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr taýsyz tagallalary bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomus aýlarynda has-da köp mähelleli. Tomsuň häzirki günlerinde Awazada bolýan ildeşlerimiz onuň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. «Ak ýelken», «Tolkun», «Rowaç» kottejler toplumlarynyň, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, «Awaza» sport toplumynyň, «Ýelken» we «Tolkun» ýaht-klublarynyň giň göwrümli hyzmatlarydyr amatlyklary olara ýakymly täsirleri peşgeş berýär. Awazanyň köpugurly sport toplumyn

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny 28-nji oktýabra çenli uzaldýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwanyň ýerine şol meýilnama boýunça Kazana uçar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Moskwa petek satyn alan ýolagçylar goşmaça tölegsiz uçuşlary Kazana gaýtadan resmileşdirip bilerler ýa-da pullaryny doly yzyna gaýtaryp bilerler.

Awazada dynç alýanlar üçin Hazar deňzi boýunça gämili gezelençler guralýar

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugrunyň açylandygyny yglan etdi. Deňizde gämili gezelenç – bu açyk deňizde wagtyňy gowy geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik. Gämili gezelenç ugry deňiz menzilinden başlanyp, ajaýyp dynç alyş merkezi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenary boýunça dowam edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy özüniň ajaýyp kenarýakasy, maýyl ediji howasy we deňiz gözelligi bilen tapawutlanýar. Gämili deňiz gezelenjiniň dowamynda syýahatçylar deňiz gözelligini, Awazanyň täsin görnüşini synlap, lezzet alyp bilerler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi Aşgabat — Stambul ugry boýunça petekleri rublda onlaýn satyp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi Aşgabat (ASB) — Stambul (IST) gatnawlary boýunça petekleriň rublda satylyp başlandygy barada habar berdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. «Gadyrly ýolagçylar, web sahypamyzda sentýabr üçin Aşgabat — Stambul gatnawlary boýunça petekleri satyn alyp bilersiňiz. Geljekde satuwy oktýabr aýyna çenli uzaldarys» diýilýär.

Hazaryň owazly tolkunlary

Watanymyzyň gözel künjekleriniň, melhemli mekanlarynyň biri bolan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny näçe wasp etseň hem azlyk edýär. Mundan 10-15 ýyl ozal bu ýerde bolup gören adamlar gaýtadan Awaza gelseler, düýpgöter täze keşbe giren bu künjegi tanamazlar. Dogry, Hazaryň ýakasyna ozalam dynç almaga, deňziň argynlygyňy aýyrýan, süňňüňe şypa berýän suwuna düşmäge gelýänler az däldi. Ýöne olar deňziň bu künjegindäki ertekä çalymdaş Awazanyň häzirki görnüşini görüp, haýran galarlar. Ýerli adamlaryň gürrüňini diňleseň, şeýle-de, ylmy kitaplaryň sahypalaryny agtaryp görseň, «Awaza» sözüniň gelip çykyşynyň «owaz edýän tolkunlar» diýen manysynyň bardygyny görmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň heňi tebigy simfoniýanyň owazydyr.

Ugur — Awaza tarap

Saryja tomsuň sapaly günlerinde ildeşlerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Adamlaryň döwrebap dynç almagy üçin ähli şertler döredilen ýurdumyzda bu döwürde ilata edilýän hyzmatlaryň, şol sanda ulag hyzmatlarynyň hiline we medeniýetine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

«Jadyly şäher»

Daşkentiň merkezinde ýerleşýän «Jadyly şäher» dynç alyş merkezi Merkezi Aziýada meňzeş nusgasy bolmadyk taslamadyr. Tutuş maşgala üçin jadynyň we güýmenjäniň iň köp ýeri bolan «Jadyly şäherde» ne ulular, ne-de çagalar ýadaýar. Bu merkez diňe bir daşkentlileri däl, eýsem, ýurda gelýän syýahatçylarydyr myhmanlary hem haýran galdyrýar. Jadyly şäheriň tutýan umumy meýdany 20 gektardan gowrakdyr. Bu ýerde Merkezi Aziýada ilkinji akwarium, ähli möwsüm üçin güýmenje merkezleri, innowasiýa lazer kinoteatry, 60 metr beýiklikdäki diňler, ertekilerdäki täsin galanyň keşbi, suw çüwdürimleri we başga-da birnäçe gyzykly gezelenç güýmenjeler bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Habarda: «Hormatly ýolagçylar, 01.08.2023-den başlap, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Moskwa howa giňişligindäki howa ýagdaýy, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän ähli uçuşlary togtadylýar we Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylýandygy barada Size habar berýäris!» diýilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi

2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlaryndaky «Türkmenistan» awiakompaniýalarynyň häzirki uçuş tertibi belli boldy. Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Milli raýat awiasiýasynyň içerki gatnawlarynyň sany artdyryldy

2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan  Aşgabat halkara howa menziline amala aşyrylýan ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.  Şol sanawda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinden welaýat merkezlerine amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň sany artdyryldy. Mundan başga-da, ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlaryň ýygylygy artdyrylmagy “Awaza” milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýänler üçin amatly mümkinçilik bolup durýar.

Uly aýlag sebitinden Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça ilkinji göni howa ýoly açyldy

23-nji iýulda «Türkmenhowaýollarynyň» akylly elektronika, egin-eşik we beýleki harytlary alyp barýan ýük uçary Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçdy. Bu uçuş Uly aýlag sebitinden Türkmenistana howa arkaly ilkinji göni halkara ýük ugrunyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy diýip, «CGTN» halkara teleýaýlymy ýazýar.

Lýuksemburgyň iri ulag kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen ýükleri daşaýar

Ýewropanyň Lýuksemburg döwletinde esaslandyrylan iri “Cargolux Airlines” ulag-logistik kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli ýük howan gatnawlaryny ýerine ýetirýär. 2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyk baglaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Lýuksemburg we Aşgabat şäherleriniň arasynda yzygiderli ýük howa gatnawlaryna badalga berildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dünýäniň birnäçe ýurdunyň iri şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şol şäherleriň arasynda London, Stambul, Deli, Pekin, Dubaý, Frankfurt, Kazan, Moskwa ýaly şäherler bar. Täze tertipde uçar gatnawlaryň uçýan güni, wagty, gonýan wagty ýaly maglumatlar beýan edilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibini şu salgy boýunça tanşyp bilersinňiz: https://tyy-news.gov.tm/post/5324

Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuş biletleri onlaýn-satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» uçar kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.  «Hormatly ýolagçylar! Biziň saýtymyzda Moskwa, Kazan, Deli, London, Pekin we Frankfurt ýaly şäherlerden yzyna Aşgabada uçuş biletlerini satyn alyp biljekdigiňizi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris!» - diýlip, bildirişde aýdylýar.

“Türkmenhowaýollary” uçarlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýdy 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçy gatnawlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýandygy barada habar berilýär. Häzirki wagtda Moskwa — Aşgabat, Deli — Aşgabat, Pekin — Aşgabat, Frankfurt — Aşgabat, London — Aşgabat, Kazan — Aşgabat ugurlar boýunça onlaýn biletleri satyn alyp bolýar.

Gezsem, dünýäni görsem

Täsin ýaşaýyş toplumy Kanadanyň Monreal şäherinde ýerleşýän 12 gatdan ybarat ýaşaýyş toplumy beýleki ýaşaýyş jaýlaryndan özüniň täsin dizaýn gurluşy bilen tapawutlanýar. Daşyndan seredeniňde çylşyrymly görünse-de, ol örän ykjam we rejeli gurlandyr. Bina biri-biriniň üstüne ýerleşdirilen dürli 354 monolit demirbeton modullaryndan ybarat. «Habitat 67» adyna eýe bolan binalar toplumyndaky her bir öýjük öz bagy bolan aýratyn ýaşaýyş jaýydyr.

Ýewropada gijeki otlular işläp başlady

Ýewropada ýene-de gijeki otlular işläp başlady. Olar öň hereket etmek üçin amatly serişdedi. Emma arzan awiagatnawlardyr arzan benzin olary bazardan gysyp çykardy. Bu gezek gijeki otly gatnawlary durnukly jahankeşdeligiň usullarynyň birine öwrüldi. «European Sleeper» kompaniýasy şeýle gatnawy Berlin bilen Brýusseliň arasynda işe goýberdi.

Gezsem, dünýäni görsem

Üçleýin birleşýän asman binasy Üçleýin biri-biri bilen birleşýän ajaýyp asman binasynyň taslamasynyň Hytaýyň Ýuhan şäherinde ilkinji görkezilişi geçirildi. «ZNA» kompaniýasynyň wekilleri Ýuhan şäherindäki asman binasynyň diňe bir maliýe merkezi bolup hyzmat etmän, eýsem, adamlara açyk howada dynç almaga we gözellikleri synlamaga ýardam berjekdigini aýdýarlar. Asman binasynyň biri-biri bilen köpri arkaly birikmegi özüneçekijidir. Köpriniň gyralary ýaşyl baglyklar bilen örtüler. Binalar 52, 47 we 50 gatdan ybarat bolup, her biri şäheriň gözel künjeklerine gönükdirilendir. Üçleýin birleşýän asman binasy Günüň şöhlesinden paneller arkaly energiýa alyp, özbaşdak dolandyrylar. Binanyň 2025-nji ýylyň ahyrlaryna açylmagy meýilleşdirilýär.

«Armenian Airlines» Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy

«Armenian Airlines» awiakompaniýasy Ýerewan – Stambul – Ýerewan ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýdy diýip, «Armenpress» habar berýär. Ilkinji uçuş 2-nji iýulda amala aşyryldy, petekleriň satuwy www.armenianairlines.am saýtynda eýýäm açykdyr.

Jahankeşdeler uçarlardan otla geçmäge taýýar

Soňky ýylda ekologik jahankeşdelik boýunça internetde sowal bilen ýüzlenýänleriň sany 36 göterime çenli artdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu barada Ýewropa giňişliginde turizmi ösdürmek boýunça Brýusselde geçen foruma gatnaşyjylar bellediler. Forumda soňky üç ýyllyk kynçylyklardan soňra jahankeşdelik pudagynyň dikelýändigi barada gürrüň edildi. Şeýle hem jahankeşdeleriň bu gün daşky gurşaw barada köp aladalanýandygy hasaba alyndy. Demir ýol gatnawlarynyň gowulanmagy netijesinde jahankeşdelik operatorlary uçarlar arkaly jahankeşdelikden kem-kemden otlulara islegiň artýandygyny belleýärler.