"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi. Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa diňe Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryna hepdede 5 gezek — sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde gatnaw amala aşyrar.

Dünýäde iň gowy howa menzili yglan edildi

Britaniýanyň Nýukasldaky howa menzili 5 million ýolagçy gatnawly menzilleriň toparynda dünýäde iň gowy diýlip yglan edildi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa baýrak Türkiýede geçen howa gatnawlarynyň bütindünýä koferensiýasynda gowşuryldy. Howa menziliniň direktory Nik Jons şeýle abraýly baýraga mynasyp bolandyklaryna şatdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, golaýda howa menzili ýene dört awiakompaniýanyň 12 ugur boýunça gatnawlaryny kabul edip başlapdyr.

Täsinlikler äleminde

Iň uly dynç alyş merkezi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las Wegas şäheriniň görküne görk goşýan täsin bina gijelerine tutuş şähere ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bina, esasan, sport çäreleri, film we aýdym-saz şüweleňleri üçin niýetlenendir. Ajaýyp binanyň beýikligi 111 metr töweregi we ini, takmynan, 157 metrdir. Okara şekilli bu täsin binada dünýäde ýokary derejeli LED ekrany bar. Bina dünýäde iň köp yşyklandyryjylar bilen üpjün edilen desga hökmünde hem giňden meşhurdyr. Ony 1,2 million töweregi yşyklandyryjy çyralar bezeýär. Şu ýylyň 4-nji iýulynda bina ilkinji gezek doly yşyklandyryldy. Binanyň gurluşygyna 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar çykdajy edilipdir.

Täsin gum sagady

Adamyň oýlap tapmak zehinine hem-de başarjaňlygyna çäk ýok. Täzeçillige çemeleşip, täsinligi bilen adamlary haýrana goýýan eserleri döredýän adamlara goýulýan hormat hem çäksizdir. Çünki olaryň döreden eserleri ýurtlaryny dünýä tanadýar. Bu eserleri syn etmek üçin ýörite syýahata gelýärler ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet arkaly tanyşýarlar. Dünýäniň ilkinji iň uly gum sagady hem Ýaponiýanyň Simene şäherindäki «Gum muzeýinde» sergilenýär. Ýaponiýa gelýän syýahatçylar bu täsin gymmatlygy görmek üçin ýörite şol muzeýe barýarlar. Sagadyň beýikligi 5 metr 20 santimetre, ini 1 metre barabardyr. Sagadyň içine bir tonna gum ýerleşdirilipdir. Sagadyň ýokarky bölegindäki gum laýyk 365 günüň dowamynda, ýagny bir ýylyň içinde aşaky bölegine akýar. Täze ýylyň gelmegi bilen, 24.00 ony başaşak öwürýärler we täzeden wagt hasaby ölçenip başlaýar. Şol pursaty görmek üçin muzeýe ýörite müňlerçe tomaşaçy ýygnanyp, hem Täze ýyly agzybir garşylaýarlar, hem baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrýarlar.

«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy

«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär. Indi awiakompaniýanyň uçarlary Türkmenistana we yza duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bir gezek, çarşenbe we anna günleri iki gezek uçar.

Doganlyk ýurda syýahat

«Pamukkale» şypahanasy Türkiýe Respublikasy dünýäniň hiç bir ýerine meňzeş bolmadyk geometrik çeşmeleri we tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýar. «Pamukkale» şypahanasy ýurduň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ol ýurduň günorta-günbatarynda, Deňizli şäherinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Şypahanada mineral çeşmeler köp. Bu ýerde ir döwürlerden bäri mälim bolup gelýän 17 sany mineral çeşmeleriň toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir we bu ýerde düzlükden 100 metr beýiklikde görünýän, gadymdan galan wulkan hem bar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi

Aşgabat (Türkmenistan) — Deli (Hindistan) ugry boýunça gatnawlar 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi. Häzirki wagtda «Türkmenistan » awiakompaniýasy çarşenbe we penşenbe günleri Aşgabatdan Delä hepdelik uçuşlary amala aşyrýar. Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Hy­taý — tä­sin­lik­ler ýur­dy

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Ga­dy­my Hy­taý top­ra­gy gö­ýä asyr­la­ryň do­wa­myn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin ta­ýyn­la­nyp ge­len ýa­ly. Bu ýur­duň her bir kün­je­gi­niň öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi, tä­sin ta­ry­hy bar. Bu ýur­da sy­ýa­hat­çy bo­lup bar­saň, ge­ze­len­ji ni­re­den baş­la­ja­gy­ňy-da bi­ler ýa­ly däl. Ýö­ne olar ba­ra­da gysga­ça mag­lu­mat we­lin hiç ki­me-de ar­tyk­maç­lyk et­me­se ge­rek. Ine, ola­ryň kä­bir­le­ri:

Türkmenistanda zyýaratçylar üçin Aşgabat —Köneürgenç ugry boýunça ýörite otly işe giriziler

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barýan zyýaratçylar üçin ýörite otlyny işe girizer. Bu barada «Demirýollarynyň» resmi web sahypasynda habar berildi. Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat ýörite otlusy 27-nji oktýabrda ýola düşer. Munuň üçin petekleri Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.

Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my ösüş ýo­lun­da

«7/24 tm» № 42 (177) 16.10.2023 Häzirki wagtda ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­lyk we myh­man­ha­na­lar ul­ga­my uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Şä­her­le­ri­miz­de, we­la­ýat­la­ry­myz­da ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň en­çe­me­si gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Di­ňe bir «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň özi-de sy­ýa­hat­çy­lyk we myh­man­ha­na­lar ul­ga­my­nyň ösüş­le­ri­niň dün­ýä de­re­je­li­li­gin­den ha­bar ber­ýär.

Dostlukly döwlete syýahat

Son-Kul dag köli Gyrgyz Respublikasynyň Son-Kul dag köli Naryn şäherinden, takmynan, 90 kilometr demirgazyk-günbatarda bolan Içki Týan Şanyň merkezinde ýerleşýär. Uzynlygy, takmynan, 29 kilometr we ini 17 kilometr töweregi bolan bu köl, ýurtda ikinji iň uly köldür. Ol deňiz derejesinden 3016 metr belentlikde bolup, inedördül meýdany 270 kilometr, iň çuň ýeri bolsa 13,2 metre barabardyr. Bu dag kölüniň ýene bir bellenilmeli aýratynlygy onuň süýji suwly bolmagydyr.

Milli raýat awiasiýasy Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi

"Türkmenistan"awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti özüniň resmi web-saýtynda Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi. Täzelenip tertibe laýyklykda, "Aerokomfort" jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti awiakompaniýanyň subagenti bolmagyny bes etdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder

Noýabr aýyndan başlap Aşgabatdan Londona (Beýik Britaniýa) boljak uçar gatnawlary täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Aşgabat — London — Aşgabat ugrundaky uçuşlar şenbe güni amala aşyrylar. «Turkmenistan Airlines» häzirki wagtda Aşgabatdan Londona çarşenbe güni Londondaky «Stansted» howa menziline hepdelik uçuşlary amala aşyrýar.

Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi

Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan  hem az wagtda geçip bilýärler. Bu ugur boýunça ilkinji otly Fuçžou şäherinden 28-nji sentýabrda ýerli wagt boýunça ir bilen 9.15-de ugrady. Ahyrky nokada ýetmezden ozal otly Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Munuň özi Fuçžou bilen Sýamen şäherleriniň arasynda ozal 1 sagat 20 minutda geçilýän ýoly 50 minutda geçmäge mümkinçilik berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär. Agentligiň resmi web sahypasynda «Häzirki wagtda Kazandan Aşgabat we yzyna, şeýle hem beýleki halkara ugurlara: Aşgabat — Stambul — Aşgabat, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugurlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz» diýilýär.

Bulary bilmek gyzykly

Horwatiýanyň «Plitwis kölleri» milli parky Plitwis kölleri Horwatiýanyň milli parky derejesine 1949-njy ýylyň 8-nji aprelinde eýe boldy we her ýyl bu sene şol ýerde baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Bu ajaýyp tebigy park Horwatiýanyň merkezinde ýerleşmek bilen, müňlerçe syýahatçylaryň seýil etmek üçin gelýän ýeridir. Milli park syýahatçylar üçin 1958-nji ýylda açylypdyr.

"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, online awiabilet satuw saýtyndan turkmenistanairlines.tm üpjün edilen awiabilediniň pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy howa gatnawynyň awiabiledine tölegini geçiren şahsyýetiň talap etmegi esasynda, diňe ýolagçy tarapyndan (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili tarapyndan) doldurylan howa gatnawynda uçmaýandygy we pul serişdelerini yzyna gaýtarmak baradaky arza esasynda ýerine ýetirilýär. Howa gatnawynyň online awiabilediniň pul serişdelerini yzyna gaýtarmak üçin arzanyň nusgasy şu ýerden alyp bilersiňiz.

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda hereket eden Aşgabat—Pariž howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky iň amatly arabaglanyşyklaryň biridi diýip, B.Annaýew belledi.