"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Seýil edeliň bu jahana!

Duşenbe «Delfin» akwaparky

Bulary bilmek gyzykly

Iň uly sagatlar Iň uly sagat Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde ýerleşýän «Abraj Al-Bait» myhmanhanasyna bezeg berýär. Bu äpet sagadyň diametri 43 metre deň bolup, 400 metre barabar beýiklikde ýerleşýändigi bilen tapawutlanýar. Ýene bir aýratynlyk, sagadyň ýeke däl-de, dört sanysynyň bolandygydyr. Ýagny bu ululykdaky sagatlar binanyň dört tarapynda hem oturdylypdyr. «Abraj Al-Bait» myhmanhanasy beýikligi taýdan dünýäde iň beýik myhmanhana bolan «Burj Halifa» desgasyndan soňra ikinji ýerde durýar. Ýöne bu myhmanhanadaky sagatlar welin, dünýäde iň uly sagat hökmünde ykrar edildi.

«Turkmenhowaýollary» Bangkoga hem-de Kuala-Lumpura amala aşyrýan gatnawlary boýunça awiakompaniýalaryň bäsdeşligini emele getirýär

«Turkmenistan Airlines» diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylar üçin hödürleýän mümkinçiliklerini hem yzygiderli giňeldýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, awiakompaniýa Aşgabatdan Moskwa uzaýan gatnawlarynyň sanyny bäşden alta çenli artdyrdy. Bu ädim Russiýadan gelýän syýahatçylar üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär we ugurlary saýlamakda has giň şertleri üpjün edýär. Kompaniýa rus syýahatçylary üçin üç esasy ugra ünsi çekýär: Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur. Bangkoga uçuşlaryň täzeden üstünlikli başlanmagy we 2023-nji ýylyň dekabryndan orunlaryň artmagy bilen, «Turkmenhowaýollary» üstümizdäki ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli islegleriň has-da ýokarlanmagyny gazandy. Munuň özi şol döwürde gatnawlaryň dolmagynyň 90 %-lik görkezijä ýetmegine getirdi.

Syýahatçylyga bagyşlanan mas­la­hat

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da paý­tag­ty­myz­yň «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, Türkmenistanyň da­şa­ry döw­let­le­riň bu ugur­da ýö­ri­te­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şol san­da Tür­ki­ýä­niň, Gru­zi­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Şri-Lan­ka­nyň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazananlary «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň özenini düzdi

27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Bu iri çäre döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalaryň häzirki zaman ösüşlerini açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi

«Türkmenistan» milli howa gatnawçysy resmi web sahypasynda şu ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli dowam etjek halkara we içerki ýolagçy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi. Halkara gatnawlar 11 ýurduň 14 şäherini öz içine alar. Delä (Hindistan) uçuşlaryň ýygylygy ikiden üçe çenli ýokarlandy.

Paýtagtymyzda syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyklar geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar. 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabry aralygynda güýje girýän täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Delä uçuşlar T5-531 (uçur 01:45, gonuş 05:35), T5-533 (07:00 — 10:50), T5-537 (04:00 — 07:50) belgiler boýunça amala aşyrylar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uzyn awtoulag ýoly

Beýik bina

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuala-Lumpurda açylan «Merdaka-118» atly bina Malaýziýanyň iň beýik, dünýäniň ikinji beýik binasydyr. Malaýça «garaşsyzlyk» diýmegi aňladýan bu bina Dubaýdaky «Burj Halifadan» soň dünýäniň ikinji iň beýik binasy. Beýikligi 678,9 metr bolan 118 gatly binanyň gurluşygyna 2014-nji ýylda badalga berildi. Köp taraply binanyň 673  müň inedördül metrden gowrak meýdany bolup, onda ofis otaglary, söwda merkezleri we myhmanhanalar ýerleşýär. Göge uzaýan binanyň binagäri Fender Katsalidis atly ussat hünärmendir.

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

“Türkmenhowaýollarynyň” Türkiýedäki wekilhanasynyň web sahypasy işläp başlady

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Türkiýedäki wekilhanasynyň resmi web sahypasy döredildi.  Web sahypada, Türkmenistan howa ýollary bilen dünýäni tanamak üçin halkara uçuşlara bilet satyn alyp bilersiňiz.

«Boeing» kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider

«Boeing» amerikan kompaniýasynyň başlygy Deýw Kelhun soňky aýlarda uçarlar bilen baglylykda bolup geçen tehniki meseleler we heläkçilikler sebäpli ýylyň ahyrynda işden gitmekçidigini habar berdi. Bu barada «1prime.ru» saýty ýazýar. Kelhun bu barada «Boeing» kompaniýasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýanatynda habar berdi.

“Deňiz” myhmanhanasy Google-yň ýokary hyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşýän «Deňiz» myhmanhanasy, müşderileriň teswirleri boýunça Google-yň ýokaryhyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar. Myhmanhananyň ýyldyz derejeligi syýahatçylara myhmanhanadaky rahatlygyň we amatlylygyň derejesini kesgitlemäge kömek edýän klassifikasiýa ulgamydyr. Ýyldyz derejeligi bolan myhmanhanalarda berjaý edilmeli rahatlylyk we amatlylyk standartlary bar.

Jümle-jahan habarlary

Derýanyň aşagyndan metro guruldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýaz-tomus meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. Bu barada Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentiniň web sahypasynda habar berildi. Täzelenen tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alta çenli artar.

Dürbi binasy

Dünýäniň gözel ýerlerine syýahat etmek, tebigatyň täsinlikleri barada maglumatlary bilmek, adamlaryň başarjaňlygy netijesinde dörän haýran galdyryjy taslamalar bilen gyzyklanmak her kim üçin mahsus häsiýetdir. ABŞ-nyň Los-Anželes şäherindäki «Dürbi binasy» hem syýahatçydyr bilesigeliji adamlary haýrana goýýan desgadyr. «Dürbi binasy» desgasynyň binagäri dünýä belli arhitektor Frenk Geridir. Bina 1991-nji ýylda gurlup, «Chiat Day» atly mahabat şereketiniň edarasy hökmünde işe başlaýar.

Ýat­dan çyk­ma­jak 117 gün

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Dur­muş yk­bal öw­rüm­le­ri­ne diý­seň baý. He­niz öň­de nä­me­le­riň bo­lup geç­jek­di­gi bel­li däl. Ga­raş­ma­dyk ýe­riň­den ga­ra­şyl­ma­dyk, ýa­dy­ňa-oýu­ňa gel­me­dik ýag­daý­lar çy­ky­ber­ýär. Äh­li zat is­leý­şiň ýa­ly bo­lup dur­my nä­me, eý­sem? Sen baş­ga iş­le­ri me­ýil­leş­di­rer­siň, dur­muş bol­sa sa­ňa baş­ga zat­la­ry be­rer...

Köýtendag — tebigatyň täsin eseri

Hawa, Köýtendag — tebigatyň döreden ajaýyp eseri. Bu täsin mekanyň gözellikleri barada taryhda ilki bolup ýunan taryhçysy Diodor Sisiliýaly öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Bu günki gün bolsa Köýtendagyň täsin künjekleri, ol ýerdäki dinozawrlaryň aýak yzlary dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Köýtendagyň gözel ýerleriniň her biri barada gyzykly eser döredip bolar. Sebäbi ol ýerlere baran ynsanyň kalbynda ylham gaýnap, döredijilik joşguny emele gelýär. Bu täsin mekan barada köp sanly rowaýatlaryň döredilendigini hem şol ylham joşguny bilen düşündirip bolar. Şol rowaýatlaryň birinde Köýtendag ynsanlaryň hemaýatkäri hökmünde öňe çykýar. Rowaýatda gaýduwsyz söweşen Umbar atly ýaş esger ýagynyň agdyklyk etmegi sebäpli, ähli ýoldaşlaryny ýitirýär. Ol uçut gaýanyň gyrasyna gelende, Köýtendagdan hemaýat soraýar. Dag hem ýaş ýigidiň ýürek sesine jogap edip, iki uçut gaýany at böküp geçer ýakynlykda golaýladýar. Şeýdip ýaş ýigidi duşmandan halas edýär. Ýaş esgeriň haýyşy bilen emele gelen jülgä bolsa «Umbar dere» diýen at galýar.

Raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň gerimi giňeýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London (Gatwik) ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen «AeroRoutes» kompaniýasy tarapyndan habar berilýär. Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.