"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuş aýdyma öwrülende

Aýdym-saz hakda gürrüň gozgalanda, bir täsin rowaýat ýadyma düşýär. «Aýdym bir guşdur, saz onuň ganatydyr». Bagda saýraýan guşlaryň jürküldisi, äpet gomlardan gaýdýan tolkunlaryň şaggyldysy Zeminde heniz adamzat döremänkä hem barmyş. Ynsan bu jahana inip, ol gözelliklere aşyk bolupdyr. Onsoň, ol bu owazlardan mukam, aýdym döretmegiň ugruna çykypdyr. Ol agajyň bir bölegini alyp, kalplara täsir edýän näzikden hoş, daglardan syzylyp çykýan çeşme-çaýlardan dury owaz döredipdir. Ol tokga demri eredip, ondan hyjuwly we gazaply owaz almagy başarypdyr. Şonda türkmen sähralarynda şemala ikiýana yranyp oturan gamyşlar üýtgeşik heňe, owadan owaza öwrülipdir. Hawa, şondan bäri bu gadymy türkmen topragynyň üstünden Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Öwezgeldi Tekäýew, Annaberdi Atdanow, Atabaý Çarygulyýew ýaly, ençeme meşhur bagşylar öz ýoluny, yzyny goýup, halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halkyň hakydasynda öçmejek yz goýdular.

Söýgi ýyldyzy

Türkmeniň taryhynda deňi-taýy bolmadyk, diňe ertekilerde, hyýallarda ýaşan şäher — Arkadag bu gün ähli amatlyklaryny, gözelliklerini dünýä açýar. At-owazasy dünýä dolan bu şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda halkymyzyň taryhynda görnükli yz galdyran şahsyýetlermiziň atlarynyň dakylmagy şatlygymyza şatlyk goşdy. Şol sanawda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň hem bolmagy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň başyny gök diretdi. El çarpyşmadan ýaňa zal göçäýjek boldy. Sähel soňrak grim otagynda hem hiňlenjiräp, hem özüne timar berýän Aman gapynyň çalajadan açylyp, içerik Maralyň girenini duýmady. Gapdala öwrülende, gabadyndaky aýnadan özüne ýylgyryp seredip duran gyzy görüp, hyrra yzyna öwrüldi. Maral elindäki çemeni uzatdy:

Geçmişiň, şu günüň we geljegiň özara baglanyşygy

Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji gün Aşgabat, 23-nji iýun (TDH). Iri döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy. Dabaraly çäreleriň ählisini bir bitewi sazlaşyk — halkymyzyň geçmişi, şu güni, milli mirasymyzyň gadymyýetden gaýdýan köki we geljege uzaýan dowamaty özara baglanyşdyrdy.

Geçmişiň, şu günüň we geljegiň özara baglanyşygy

Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji gün Aşgabat, 23-nji iýun (TDH). Iri döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy. Dabaraly çäreleriň ählisini bir bitewi sazlaşyk — halkymyzyň geçmişi, şu güni, milli mirasymyzyň gadymyýetden gaýdýan köki we geljege uzaýan dowamaty özara baglanyşdyrdy.

Magtymguly bagşylaryň dilinde

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaňy-ýakynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly aýdym-sazly festiwal geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň tirmeçi bagşylarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu festiwala welaýat tapgyrlarynda üstünlikli çykyş eden halypa bagşylar gatnaşdylar. Olar akyldar şahyryň sözlerine döredilen halk aýdymlaryny milli bagşyçylyk ýollary esasynda ýerine ýetirdiler. Milli aýdym-saz sungatymyzda bagşyçylygyň üç ýoly — ýanamaçy, tirmeçi we dessançy bagşylar tapawutlandyrylýar. Ýanamaçy bagşylar özi saz çalman, sazandanyň gapdalyndan aýdymy ýerine ýetirýän bolsa, tirmeçi bagşylar aýdýan aýdymynyň sazynam özi çalýar. «Tirmeçi» sözüniň özi «tirmek, ýygnamak» sözünden bolany üçin bu ugruň wekilleri aýtjak aýdymynyň sözlerini dessandan hem, şahyrlaryň goşgularyndan hem alyp bilýär. Dessançylar, adyndanam belli bolşy ýaly, diňe dessan aýdýan bagşylardyr.

Taryhy ýadygärliklerdäki rejeleýiş işleri

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda uly üstünliklere beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmegi hem-de goralyp saklanylmagy: ýetilen sepgitler we garaşylýan netijeler» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag işlerini alyp barýan daşary ýurtly alymlar, Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 2010-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylan rejeleýiş-dikeldiş barlaghanasynyň döredilendigini aýtdylar. 2011-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň goldawy bilen her ýylda bu okuw merkezinde Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň we beýleki muzeýleriň rejeleýji hünärmenleriniň tejribelerini kämilleşdirýändikleri bellenildi. Çykyşlaryň barşynda onda şu günki güne çenli 40-a golaý hünärmeniň tejribe alandygy hem-de eneolit döwrüne, bürünç, dem

Sungat döwresindäki sazlaşyk

Paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi ýokary guramaçylykda dowam edýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralyp, hakyky döredijilik baýramçylygyna öwrülen bu forumyň çäklerinde dürli çärelere, bäsleşiklere giň orun berilýär. Düýn Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we külallarynyň häzirki zaman eserleriniň sergisi hem-de «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy boldy. Dabara sergä hem-de döredijilik bäsleşigine eserlerini hödürlän awtorlar, halypalar, sungatyň bu ugurlary bilen gyzyklanýanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna

23-nji iýunda — Aşgabat şäherinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň tirmeçi bagşylarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Festiwalda welaýatymyzyň dessançy bagşylary hem beýik şahyrymyzyň sözlerine döredilen tirme aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Döredijiligiň we ruhubelentligiň baýramy

22-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda badalga berlen Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlik bilen dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we halkyň medeni derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Medeniýet halkyň kalbydyr!

Leýli ÖKDIROWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

«Arkaçda» galan hyýallar

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat şäherinde badalga berlen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde sahnalaşdyran «Arkaç» atly operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Suratkeşleriň «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirkizaman eserleriniň hem-de «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýokary derejede geçirilen «Döwlet guşy» simpoziumyna 30-dan gowrak suratkeşler: şol sanda Şöhrat Berdiýew, Ogulsuraý Akmyradowa, Batyr Hajyýew, Rustam Abdullaýew, Gahryman Goçmyradow, Begenç Berkeliýew, Myratgeldi Gurbangeldiýew, Wepa Gurdow, Ahmet Hallyýew, Myrat Baltaýew, Aýnagözel Nuryýewa, Annageldi Meretgeldiýew dagylar gatnaşyp, ýurdumyzyň Mary we Balkan welaýatlarynda döredijilik saparynda boldular we degişli ýerleriň taryhy ýadygärliklerini, gözel künjeklerini wasp edýän köpsanly eserleri döretdiler.

Milli sungatymyzyň toýy

Sungat — aýdym-saz, kinematografiýa, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam, edebiýat hem halk döredijiligi islendik ynsanyň ýüregine barýan ýollaryň iň gysgasydyr, şol bir wagtda-da iň aýdyňydyr, ýakymlysydyr. Milli medeniýetimizi ösdürmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny içgin öwrenmek, döwrebap kämilleşdirmek jemgyýetimiziň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guralydyr. Garaşsyz Türkmenistanda syýasy özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde medeniýetiň we sungatyň möhüm orny eýeleýändigini halkymyzyň geçen taryhy ýoly aýan görkezýär. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, eziz Watanymyzda dowam edýän bagtyýar ýaşaýşy wasp etmekde, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň mynasyp paýy bar.

Medeniýet hepdeligi

Türkmeniň milli sungatynyň toýy bolan Medeniýet hepdeligi dowam edýär Onuň çäginde geçirilýän çäreler kalplara ylham, köňüllere joşgun paýlaýar: 22-nji iýunda

Akyldaryň şygyrlarynda beden terbiýesi

Halkymyzda «Ömür hereketden başlanýar» diýip ýöne ýere aýdylanok. Magtymguly Pyragynyň hem şol pikire uýandygyny biz onuň şygyrlaryny okanymyzda göz ýetirýäris. Bedeniňi gowy, sagdyn saklamak üçin diňe hereket ýeterlik däl. Ony agyr iýmekden, ýaramaz sözleri agzyňa alman, ýaramaz pikirleri seriňe salman, aň saglygyny hem saklamak gerek. Bu barada akyldar şeýle ýazýar: Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,Özüňni sen özgelere göz etgil,Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,Ne bar manysyz söz uzamak bilen.

Döredijilik ylhamy halkymyzyň ruhubelentligini, Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrýar

22-nji iýunda paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralýan şu gezekki döredijilik çäresiniň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy

Göwünleri joşduran dabara Düýn gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Ýürek joşdy şygyr bilen sazlaşyp

Şu gün — 23-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap geçiren «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry boldy. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän halypa bagşylar, paýtagtymyzdaky beýleki medeniýet ojaklaryndan we welaýatlarymyzdan gelen aýdym-saz toparlary çykyş etdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda geçirilen konsertde beýik söz ussadynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Belli halypalar Şemşat Hojaýewanyň, Pälwan Hamydowyň, Merdan Baýramowyň we beýleki tirmeçi bagşylaryň köňülleri heýjana getiren joşgunly aýdymlary özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Çykyş edenler dana şahyrymyzyň döredijiligine goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Tejen etrap merkezindäki Medeniýet öýünde etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara mährem eneler, il sylagly ýaşulular, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Dabarada etrabyň Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet ussatlarymyzyň Watanymyzda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işleri wasp edýän aýdymdyr sazlary, şowhunly tanslary oňa gatnaşyjylaryň ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Baýramçylyk sungat çykyşlary halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan, kalplara röwşen maksatlary ornaşdyrýan sungatyň beýik güýji bolup ýaňlandy.

Paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi badalga aldy

Paýtagtymyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Däbe öwrülen çärä ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilleri bilen birlikde lebaply döredijilik işgärleri hem gatnaşýarlar. Düýn Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hepdeligiň açylyş dabarasy boldy. Onda çykyş edenler milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap derejede ösdürýän, döredijilik işgärlerine netijeli işlemek üçin ähli oňyn şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra aýdym-sazly çykyşlara giň gerim berildi. Lebaply aýdymçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow hem dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.