"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aýdym-sazlara beslenen dabara

Welaýat ýörite sungat mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda mekdebimizde hereket edýän on üç sany hünär ugurly bölümleriň hünär aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşlaryň saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Şeýle-de hor, bagşylar, dutarçylar, kamera, halk saz gurallary orkestrleriniň, aýdymçylaryň, sazandalaryň we «Bagtyýarlyk» tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Olar çykyşlarynda ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizi, ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, gözel tebigatymyzy  wasp etdiler. «Açyk gapylar» gününiň dabarasynyň soňunda mekdebimiziň «Nakgaşçylyk», «Dizaýn» we «Heýkeltaraşlyk» bölümlerinde hünär öwrenýän talyplaryň  eserleriniň sergisine syn edildi.

Ýaş şäheriň ýaşajyk zehinleri

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň, körpeleriň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Bu şadyýan bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň şu ýyl sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş zehinli çagalary ýüze çykarmaga goldaw berýär. Oňa Arkadag şäherinde terbiýelenýän we bilim alýan zehinli çagalar ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga ajaýyp şert döredýän bäsleşik şatlykly wakalara beslendi. Sungatyň ýaş wekilleri bäsleşigiň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen açyp görkezdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda şadyýan çagajyklar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzy,

Watanymyzyň saýrak bilbilleri

Golaýda «Nebitgaz» medeni işewürlik merkezinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin ählitaraplaýyn ylymly bolmagyň, ösmegiň, durmuşda öz ornuňy tapyp, bagtly bolmagyň ýollary açyk. Munuň şeýledigi ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan syýasatlaryň her birinde aýdyňlygy bilen görünýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljekki ykbalynyň ýaşlaryň zähmetine, ylymda-bilimde, döredijilikde ýeten belent derejelerine baglydygyny yzygiderli belläp, uly ynam bildirýär.

Bedewim

Eýe bolduň beýik mertebä, ada,Kalba ornap ynsanpisint edebiň.Türkmen seniň bilen ýetdi myrada,Tugramyň bezegi bolan bedewim. Taryh gatlarynda görkezip özün,Watançy esgerleň gyzdyrman ýüzün,Halallap mukaddes topragyň duzunBiziň günlerimize gelen bedewim.

«Çalsana, bagşy!»

Bäsleşigiň şäher tapgyry Indi ýylyň-ýylyna däbe öwrülip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Halkyň ruhy baýlygy

Türkmen dutary. Dutaryň owazy. Bu iki mukaddesligiň ajaýyp sazlaşygynyň netijesinde täsin gudrat döreýär. Türkmeniň dutar ussalarynyň sünnäläp ýasan ajaýyp senedi daş görnüşi bilen özüne çekse, owazy duýgularyňa täsir edip, göwnüňi göterýär. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynda dutaryň maýyl ediji owazy tutuş adamzady biparh goýman, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyryp gelipdir. Durmuşyna berk ornaşan we aýrylmaz bölegine öwrülen bu gymmatly miras halkyň ruhuny göterip, agyr ýüküni ýeňleden gymmatlykdyr. Dutaryň, aýdym-sazyň halkymyzyň durmuşyndaky orny barada oýlanyp, geçmiş taryhymyza ser salanyňda, dutar bilen agasyny ýesirlikden halas eden Şükür bagşynyň keşbi aňymyzda janlanýar.

Sungata höwesli ýaşlar

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan halkymyz ähli döwürlerde-de saz-söhbet bilen meşgullanyp, toý-baýramlarynyň şüweleňli bolmagyny gazanypdyr. Dutardyr gyjak bilen birlikde, kakylyp hem-de üflenip çalynýan saz gurallarynyň ençemesini ulanypdyr. Häzirki günde hem aýdym-saz sungatymyzyň we saz gurallarynyň inçe tilsimleri çagalar sungat mekdeplerinde okuwçylara öwredilýär. Sungat mekdebimizde dürli saz gurallaryny öwrenmäge ýaş nesil uly höwes bildirýär. Olar bäsleşiklere, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Saz gurallaryna erk etmegiň tilsimlerini ele alan okuwçylarymyzyň birnäçesi okuwlaryny ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirýärler. Munuň özi mekdebimiziň mugallymlarynyň geljekki aýdymçy-sazandalary terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny görkezýär.

Halk bagşysyny hatyralap

Welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň halk bagşysy, mukamçy kompozitor Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabynda geçirilen çäreler öz zehini bilen il içinde abraý alan adamlara ajaýyp zamanamyzda uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Hoş owazly bagşyny hatyralap, ilki bilen, etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Çuň many-mazmunly söhbetlere baý bolan çärede D.Ökdirowyň ömri we döredijiligi hakynda edilen gürrüňler, bagşy bilen baglanyşykly ýatlamalar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Sungatym bar — hormatym bar

Maksadymyz myrat bolýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde tutumly işler bitirilýär. Aýratynam, aýdym-saz sungatyny has kämilligiň derejelerine çykarylmagy ugrunda uly aladalar edilýär. Şeýle tagallalara çagalar sungat mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Guwanjymyz — ýaş zehinler

Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallasy täze taryhy eýýamda öz netijelerini berýär. Ajaýyp zamanada sungata ýykgyn edýän çagalaryň sany artýar. Sungata höwesli ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýeti bolan çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanyp, barha kämilleşýän ýaşlar bizi diýseň begendirýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» we beýleki aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine, täze röwüşlere beslenmegine goşant goşjak zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

Dostmuhammet, saýrar göýäki bilbil

Islendik bir döwrüň keşbini, syýasy, ykdysady, medeni-ruhy ahwalyny onuň taryhy bilen birlikde çeper edebiýatynda, halk döredijiliginde hem görmek bolýar. Sebäbi döwrüň şahsyýetleri, şahyrlary halkyň durmuşynda, barlyga bolan garaýşynda ýüze çykýan maddy hem-de ruhy zerurlyklarynyň ählisini belli bir düşünjelerde jemläp, ony özleriniň gahrymançylygyna, döredijiligine siňdirýärler. Munuň şeýledigine ÕIÕ asyr türkmen edebiýatyny öwreneniňde hem göz ýetirmek bolýar. Bu döwrüň çeper edebiýatynda esasy zerurlyk hökmünde üç zat — at, ýarag hem-de ýagşy zenan öňe sürlüpdir. Ony döwrüň nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryny okanyňda bu üçlügiň asudalygyň goragy, jemgyýet, bagtly durmuş, ýigit... üçin wajyp zerurlyk bolandygyna akyl ýetirýärsiň. Şahyrlar çeper sözüň üsti bilen şol zerurlyklaryň tarypyny ýetirip, halky agzybirlige, goçaklary Watan goragyna, nesilleri milli hem-de durmuşy dowamata, ahlaklylyga, ynsanperwerlige, umuman, ähli oňynlyklara çagyrypdyrlar, ruhlandyrypdyrlar. Şeýle şahsyýetleriň biri-de änewli ozan şahyr Dostmämmetdir (Dostmuhammetdir). Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly şadiwanynda: «Magtymguly Pyragynyň watançylyk taglymy Dostmämmet şahyryň goşgusynda türkmen taryhyna buýsanjy, şol taryhy döreden il-ulsuň watançylygy bolup ýaşaýar» diýlip beýan edilmegi şahyryň döredijiliginiň gorly hazynadygyny görkezýär

Türkmeniň algyr guşlary

22-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Gözellik meýdançasynda Gadymy, Görnükli, Meleguş, Gözbaş, Edermen, Gaçgyn, Paýhas, Watançy, Gyzykly ýaly arassa ganly ahalteke atlarynyň ýigrimisi bäsleşdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda eminler topary ahalteke bedewleriniň asyl nusgaly syn-sypatyna, beden agzalarynyň sazlaşygyna we görküne, olaryň täsin hereketlerine, ýorgalaýyşlaryna, şeýle-de atyň milli şaý-sepler bilen bezelişine, eýer-esbabynyň owadanlygyna 10 ballyk kesgitleme esasynda öz bahalaryny berdiler.

Bagtyýarlyk owazlary

20-nji aprelde Gökdepe etrap Medeniýet köşgünde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertde mekdebiň skripkaçylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde gyzlar hor topary kompozitor N.Halmämmedowyň şahyr G.Ezizowyň «Uçuň, durnalar!» atly goşgusyna döreden aýdymyny, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň talyplary «Pyragy» atly aýdyşyk aýdymyny, aýdym aýtmak sungaty bölüminiň talyplary türkmen halk aýdymy «Göwnüm seni», hor topary bolsa kompozitor R.Rejebowyň şahyr A.Gurbanowyň  «Bahar geldi» atly goşgusyna döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Dutarçylar topary «Pyragy» diýen sazy, bagşylar ansambly «Garagöz gelin» diýen halk aýdymy, halk saz gurallary ansambly «Oba tansy», «Kamarinskaýa» atly rus halk sazlary, dana Pyragynyň goşgusyna döredilen «Uýat eýleýir» atly aýdym, skripkaçylar topary «Şahrizada», «Ştorm» ýaly sazlar bilen konserti bezediler.

Ady şekillerinde ýaşaýar

19-njy aprelde Mary welaýat kitaphanasynyň sungat bölüminde Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan Wekilbazar etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurmuhammet Kadyrow, Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Muhammetjuma Hydyrow dagylar ýurdumyzda we ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden tanalýan halypa nakgaş Aýhan Hajyýyewiň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar nakgaşyň döreden nusgawy şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň kanoniki portretleri barada aýratyn durup geçdiler. Ussat nakgaş Aýhan Hajyýewiň durmuş we nusgalyk sungat ýoly baradaky täsirli çykyşlar söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylarda uly täsir galdyrdy. 

«Magtymguly sözlär tili türkmeniň»

Şeýle at bilen 22-nji aprelde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Muhammetguly Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Nurgözel Gozlyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Gunça Annanyýazowa dagy Magtymguly Pyragynyň çuň manyly döredijiligi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle-de duşuşykda ýaşlara türkmen diliniň arassalygyny saklamak, gadymy sözleriň manysyny düşünd

Nesil terbiýesinde kitaplaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli ýaşlary terbiýelemäge uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ýöredýän milli gymmatlyklary, asylly ýörelgesi bar. Türkmen halky asylly ýörelgeleriň esasynda hem milli terbiýäni kemala getiripdir. Nesil terbiýesi, olaryň kämil şahsyýet-ler bolup ýetişmegi hemişe hem esasy maksat bolupdyr. Şunda pederlerimiziň paý-hasly sözlerine, nakyllara, çeper edebiýata hem uly üns berilýär. Nakyllar we paý-hasly sözler terbiýe mekdebidir, kämilligiň gözbaşydyr. Nesil terbiýesinde ylym-bilimiň, kitabyň uly orun tutýandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem, ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklary üçin alada edipdirler, bilim we terbiýe bermegiň nusgalyk ýoluny kemala getiripdirler. Şunda görelde mekdebi, edep-terbiýe, şeýle hem kitap okamagy endik etdirmek esasy ugurlaryň biri bolupdyr. Aslynda hem, gadymdan gelýän halkymyzyň şöhratly taryhynda meşhur kitaplar, ajaýyp eserler diýseň köp bolupdyr. Şunda akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, geçmişde uly yz goýan alymlarymyzyň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Bu alymlaryň we akyldarlaryň irginsiz zähmeti, zehin başarnygy netijesinde taryhy kitaplar köp ýazylypdyr, dünýä ýaýradylypdyr. Bu hem öz döwründe ylym-bilimiň ösmegine, nesilleri terbiýelemäge oňat täsirini ýetiripdir.

Aý­han Ha­jy­ýe­wiň dö­re­di­ji­li­gin­de zenan dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýar. Döwletimiz tarapyndan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler ýola goýulýar. 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän şygryndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy beýik akyldara ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip, şekillendiriş sungatynyň taryhynda uly yz goýan ussat türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy hem şu ýyl uly ruhubelentlige beslenip bellenip geçiler. Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Onuň sungat älemine aralaşmagyna ejesi itergi berýär. Oglunyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, onuň zehinini ösdürmek maksady bilen, ony çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdebiň sungat bölümine okuwa ugrukdyrýar. Onuň 13 ýaşyndaka «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly çeken suraty çagalar suratlarynyň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, surat çekiş tilsimlerini barha kämilleşdirmäge çalyşýar.

Ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da «Go­çak» nagşy

Sungat jemgyýetiň aňyna örän uly täsir edýär. Ilkidurmuş adamlary şekillendiriş sungaty arkaly daş-töweregi gurşaýan ähli zatlary suratlandyrmagy başaryp bilipdirler. Asman jisimleriniň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we dürli geometrik şekilleriň üsti bilen adamlaryň aňy barha kämilleşip, amaly-haşam sungatynda nagyşlaryň sazlaşykly ösüşi ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde adamlaryň nagyşlary nyşan ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen beýan etmekleri olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Nagyşlar – geometrik şekillerden durupdyr. Haç-atanak, üçburçluk, inedördül, romb, sekizburçluk, ösümliklerden: bag, gül, ýaprak, haýwan şekillerinden: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary haşam görnüşe salnyp, nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň nagşa geçirilen görnüşleri türkmen halylarynyň we egin-eşikleriň el bejergilerinde duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratyn manyny aňladypdyr.

Halkyň beýik danasy

TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisiniň 2024-nji ýyly tutuş türki dünýäde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, dana akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şahyryň ýubileý toýy bilen bagly dabaralary halkara derejä çykarýar. Häzirki döwürde hem her türkmen öýünde Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary bar, goşgulary okalýar, ýaş nesillere şol şirin dilli şygyrlaryň öwüt-ündewleri bilen terbiýe berilýär. Magtymguly atamyzyň şygyrlary şirin sözüň çuňňur paýhas bilen sünnälenen heýkelidir. Ol türkmen halkynyň şol döwürdäki syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny hem-de akyldar şahyryň geljege-geçmişe nukdaýnazaryny ussatlarça açyp görkezýär. Beýik söz ussadynyň paýhasly pikirleri diňe türkmen halkyna däl, tutuş adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýol görkeziji şamçyragy bolup durýar. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde zamanasynyň hem halkyň wepaly ogly hökmünde ýaşan döwrüniň ähli taraplaryny ölmez-ýitmez eserlerinde şöhlelendiripdir. Ol halkyna öwüt-ündew arkaly öz garaýşyny bildirmek isläpdir, «bildigiçe ýagşy sözläp», adamlara maslahat bermek bilen «özünden soňkular

Pyragynyň adyny dünýä ýaýyp gelen ýyl

Dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanjak 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň söze, şygryýete, edebiýata goýýan belent hormatyndan nyşan. Heniz sallançagynda uklap ýatan perzendini söz bilen hüwdüläp, ýagty geljek hakdaky arzuw-dilegleri bilen terbiýeleýän pederlerimiz sözüň, kitabyň güýjüne pugta ynanypdyrlar. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelýän ownukly-irili meseleleriň çözgüdine ýetmek üçin hemişe akyldar şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip gelipdir. «Berkarar döwlet istärin» diýip köňül isleglerini beýan eýlän dana Pyragynyň arzuwlary bu gün berkarar döwletimizde myradyna gowuşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Biz dünýä halklarynyň edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, milli ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belleýär. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramas