"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

ÝAŇLANÝAN SAZLARYŇ HEŇI PYRAGY

Magtymguly Pyragynyň ynsan üçin juda gymmatly we pähim-parasatly garaýyşlary, onuň umman ýaly giň we örän täsirli, many-mazmunly, çeper döredijiligi dünýä halklarynyň söýgüsine, hormat-sarpasyna mynasyp bolup, ýüreklerde uly orun eýeledi. Onuň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, edebi çeper pikirleri, kämil garaýyşlary, çeper mazmun öwüşgini siňdirilen goşgulary türkmen halkynyň medeniýetine, aýratyn-da saz sungatyna öz täsirini ýetirdi. Türkmeniň aýdym-saz sungatynda uly orun akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolup durýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň soňky II-III asyrdaky ösüşini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyn. Pyragynyň şahyrana mirasyna türkmen bagşy-sazandalarynyň döredijiligine ser salmak bilen göz ýetirmek mümkin. Halk bagşylarynyň, professional aýdymçylaryň repertuarynyň agramly bölegi dananyň goşgularyna degişlidir. Biziň ýaşap geçen dutarçy bagşylarymyz: Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Gurt Ýakubow, Mäne Garaýew, Ýagşy Wellekow we Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýew hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň at gazanan artisti Babamyrat Hamdamow ýaly ussat aýdymçy-sazandalaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden eserleri halkymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolup durýar.

Maşgala terbiýesi – kämilligiň gönezligi

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Aýdym-sazly duşuşyk

Güneşe baý gözel ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň we beýleki ugurlaryň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine ýakynda Gökdepe şäher medeniýet köşgünde belli şahyr Ilmyrat Pudakowyň (1924 — 2015) 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly duşuşyk hem güwä geçýär. Gyzykly geçen bu duşuşyga şahyryň öz okyjylaryna miras goýan ajaýyp goşgularynyň aşygy bolanlaryň uly topary gatnaşdy. Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow, Konserwatoriýanyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Orazmyrat Annanepesow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we beýleki ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar çykyş edip, şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar, goşgularyň çeperçiligi barada gyzykly gürrüň berdiler.

Gökdepäniň ilmyrat agasy

1-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda gökdepeli şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi, aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, halypa kompozitorlardyr aýdymçylary we şahyryň dogan-garyndaşlary, obadaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Hydyrow, Kakadurdy Täjimow, Läle Begnazarowa, şeýle-de döwürdeş şahyrlarymyz Ilmyrat Pudakowyň halkymyza miras galdyran çeper döredijiligi dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde şahyryň sözlerine döredilen meşhur aýdymlar ýaňlandy.

Talyplaryň döredijilik sergisi

Zehin zähmet çekilende açylmak bilen bolýar. Erjel, tutanýerli bolmak zähmetiň rehnetini görmäge alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyp ýaşlar hem ajaýyp sungat eserlerini irginsiz zähmet arkaly döredýärler. 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Talyplaryň nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň işleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşler portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, gözel tebigatymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi... ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar. «Gujurly ýaşlar» atly sergide M.Durdymämmedowanyň «Rowaýat, syýahatçylyk merkezi», K.Abbasowanyň «Medeniýet öýi», L.Taganowanyň «Parahatçylyk», A.Abdyllaýewiň «Arzuwlara tarap», M.Maksatmyradowanyň «Ene mähri», Y.Allanazarowyň «Dutarçy ussa Rahmannazar aga», Ş.Mämmedowyň «Güljahan» ýaly şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryna degişli işleri görkezildi.

«Kinoçy kompozitor»

Sungat — ylham lybasyny geýdirip, ýürek sesiňi nesillere galdyrmagyň ylahy ýoly. Kimler kalbyndaky gözellikleri surat eserine siňdirýär, ýene birleri şygyrlarynyň ýa-da kyssalarynyň üsti bilen ýüreklerden orun alýar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebow bolsa ajaýyp sazlarynyň üsti bilen hakydalarda hemişelik galdy. 1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Rejep Rejebowyň saza söýgüsi çagalygyndan ýüze çykyp ugraýar. Onuň kakasy haly suratkeşi, ejesi belli halyçy bolupdyr. Öýlerinde patefon bolmagy Rejebiň çagalygyndan dünýä nusgawy sazlaryndan gulagynyň ganmagyna sebäp bolýar. Onuň saza söýgüsi ene-atasynyň nazaryndan sypmaýar. Şeýdip, Rejep 1951-nji ýylda şol wagtky Respublikan sazçylyk mekdep-internatyna okuwa gelýär. 1959-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girip, M.Guseýnow, D.Nuryýew, G.Držewskiý ýaly ussatlardan tälim alýar.

Synagda artist bolan

1966-njy ýylyň tomsudy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Daşkendiň A.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň aktýorlyk bölümine dalaşgärleriň — ýaş oglan-gyzlaryň synaglary geçirildi. Olaryň arasynda elleri hem aýaklary göwresine garanda uzyn, garaýagyz bir ýigit bardy. Ol edil ylgawa gatnaşjak türgene çalymdaşdy. Gür saçlary giň maňlaýyna düşüp duran görmegeý oba oglanyna şeýle sowal berildi: — Kino gutaransoň, oba klubundan çykyp, gijäniň ýarynda öýüňize ýetip barýarkaň, öňüňden alabaý çyksa nädersiň?

Sazlaşygyň, ruhubelentligiň kompozitory

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli onuň halkymyza miras galdyran saz eserleri esasynda konsert geçirildi. Konsert R.Rejebowyň «Türkmenistan» atly eseri bilen açylyp, Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky hor topary bilen bilelikde Wepa Allaşow bilen Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirdi. Mekdebiň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Säherdäki atlylar» atly çeper filmi üçin ýazan «Armanym» atly aýdymy mugallym Ogulgerek Pirnäýewa täze öwüşgin bilen aýtdy. Halypa kompozitoryň saz eserlerinden düzülen konsertde onuň «Galkynyş», «Gara göz», «Humaý gözli», «Saňa», «Daş galdy», «Ýüregimde adyň bar», «Ýalňyz ýoda», «Bagtyýarlyk bossany» atly eserleri mekdebiň mugallymlary hem-de estrada orkestriniň dirižýory Myrat Jumaýewiň, üflenip çalynýan saz guralynyň dirižýory Amangeldi Hudaýgulyýewiň, halk saz gurallary orkestriniň dirižýory Astan ogly Baýramowyň we kanonçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Toýly Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi. Şeýle-de konsertde mekdebiň göreldeli talyplary we mugallymlary Mergen Ataýew, Begdurdy Çerkezow, Söhbet Maksatmyradow, Rejepmyrat Kakamyradow, Bägül Hudaýberenowa, Yhlas Welih

Muzeýe wirtual gezelenç

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen bagly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak üçin virtualmuseum.gov.tm websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýeriňde synlap bolýar. Täze açylan wirtual muzeýde suratlar 360 derejede (gradus) bilýän iň häzirki zaman tehnologik usul ulanylýar. Bu bolsa muzeý gymmatlyklary bilen adamlary has amatly usulda tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýakynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hereket edýän «Miras» gurnagynyň çäklerinde gurnagyň we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bu web saýt arkaly wirtual görnüşde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň miras gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Olar muzeýde saklanylýan şahyryň ömri we döredijiligine, onuň bilim alan ojaklaryna degişli dürli gymmatlyklar hem-de dana Pyraga goýulýan hormat-sarpa hakynda çuňňur düşünje aldylar. Muzeýe guralan wirtual gezelenç mekdep mugallymlarynda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Zyýarat

Aşgabadyň beýle çalt üýtgäýşini diýsene, tanar ýaly bolmandyr. «Bar, tap!» diýseler, bilýänje ýerlerim «Teke bazar», «Gülüstan» bazary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýäýmesem, men-ä, dogrusy, ozalky öz ýaşan ýerimem taparyn öýdemok. Sähelçe wagtyň içinde Aşgabadyň şeýle kaşaň bir şähere öwrüljegini göz öňüne getiribem bilmezdik. Ýurt döwletli döwranyň gujagyna dolanda, bolaýjak ekeni, gör-ä, bu tämiz köçeleri, serhowuzly baglary... Uzagyndan guwandyrsyn...

Ruhubelentlige beslenen dabara

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli toý mekanynda Aşgabat şäher häkimligi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şeýle-de sirk artistleriniň görkezen oýunlary gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi.

Merdana nesiller — guwanjymyz

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda 3 — 5-nji synplarda okaýan oglanlaryň arasynda «Merdana nesil — 2024» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik jemi üç şertden ybarat boldy. Birinji şertde bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Durmuşyň özi sungat

Bir gezek döredijilik sapary bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna gitmeli bolduk. Bu etrapda Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ýaňy açylan döwürleridi, beýik söz ussadynyň hormatyna etjek işlerimiz kändi. Ýanymyzda şol mahalky «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň redaktory Dursun Hezretowa, «Miras» teleýaýlymyndan Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Bibisara Hapyzowa hem bardy. Jülgedäki salkym zeýtunlary, dagdaky kaktuslary, owadan tebigaty, adamlary surata düşürip, teleoçerk ýazylmalydy. Üstesine täze teklipler hem çykdy. Uzak ýaşlylar, sebite belli daýhanlar bilen hem gepleşik taýýarlamalydy. Şol aralykda hem aramyzdan biri: «Şu ýerde belli artist Şirli Mollaýew dünýä indi» diýip, bir gep tapdy. Barymyz onuň barmagyny uzadan howlusyna aňalyşyp seretdik. Şol halat hem öýden çykan aýal maşgala bize habar gatdy: «Myhmanmysyňyz?!». Biz oňa ilgeziklik bilen jogap berdik. Söhbet gyzygyp gitdi. Ahyrynda türkmençilik edip, ol hezzet etdi. Döredijilik toparymyz bolup, Şirli agalara baryp, duz-tagam datdyk. Özümiz hem belli režissýoryň, artistiň doglan ýeri hem üýtgeşik bolmaly ýaly pikirde, eýlämize-beýlämize äňedişýäris. Öýüň diwarlaryna çenli seredip çykanymy bilýärin. Meşhur artisti ýatladýan zatlara gözüň düşäýjek ýaly bolýarsyň. Döredijiligiň syrlylygy şol diwarlaryň aňyrsynda ýatan ýaly. Ýaşlygyň etdirýänidir-dä, şol gezekki bolşumyz «mürähede ýakyn» diýilýäni boldy

Şahyry sarpalap

Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde Ahal welaýat häkimliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşmaga gelen döredijilik işgärleri, medeniýet-sungat wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar we beýleki myhmanlar, ilki bilen, sergä aýlanyp gördüler. Giň eýwanda ýaýbaňlandyrylan sergide şahyr Ilmyrat Pudakowyň ömür-döredijiliginden söhbet açýan maglumatlara, gollanmalara, şahyryň eserlerine orun berilmegi has-da täsirli boldy.

Siziň söýgüli multfilmiňiz

Doganlar Elza bilen Annanyň başdan geçirmeleri baradaky «Doňýürek» atly multfilme diňe çagalar däl, eýsem uly ýaşlylar hem uly höwes bilen tomaşa edýärler. Gans Hristian Anderseniň «Gar şazenany» atly eseri boýunça döredilen bu multfilmi surata düşürmegi Uolt Disneý 1937-nji ýyldan bäri höwes edipdir. Ýöne ol döwürler gary, doňaklygy, howada galgaýan kümüşsöw gar tozgalaryny hem-de multfilmiň gahrymanlaryny doly derejede görkezip bilmejekdikleri üçin soňa goýupdyrlar. Ssenaristleriň başky meýilnamasyna görä, Elza bilen Anna eserdäki bolşy ýaly, dogan bolmandyr. Ýagny Elza jadygöý Gar şazenany, Anna bolsa oňa ýaralanan ýüregini doňdurmaga barýan gyz hökmünde çykyş etmeli eken. Multfilmiň mazmuny ýörite onuň üçin «Goýber we unut» atly aýdymyň döremegi bilen üýtgedilýär we Elza kalby ýaraly, ykbaly agyr gyza öwrülýär. Köpleriň göwnüne ýaran bu aýdym soňlugy bilen 41 dile terjime edilip, meşhur aýdyma öwrülipdir.

Şekillere siňen gözellik

Düýn – 2-nji dekabrda  Türkmenistanyň  Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň we uçurymlaryň sergisi açyldy. Sergä gatnaşan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlaryň her biri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda saýlanyp alnan temanyň üstünde işläp, nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk, sungaty öwreniş ugurlary boýunça taýýarlan döwrebap eserlerini sungaty söýüjilere hödürlemegi başardylar.

Millilige ýugrulan görelde mekdebi

Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde ata-babalarymyz kitap okamagy, bilim almagy ýörelge edipdirler. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyzda akylly-başly, sowatly şahsyýetleriň hemişe ýaşlara nusga bolandygyny görýäris. Şeýle hem, ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge gönükdirilen işler halkymyzyň nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ýagşylygy, watansöýüjiligi wasp edýär. Munuň özi ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyryp, asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle terbiýe bilen ösüp-ulalan perzent il-halka wepaly bolýar, belent ynsanperwerligi kalbyna guýýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ata-eneler çagalaryna öwüt-ündew bermekde nakyllara, nusgawy edebiýata salgylanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde milli ýörelgeleri aýdyň görmek bolýar.

Aýdym-sazly dabara

Gökdepe etrabynyň merkezindäki medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Medeniýet ojagynyň baýramçylyk ruhunda bezelen eýwanynda guralan, şahyryň ömür-döredijiliginden söhbet açýan sergi özüne çekiji boldy. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar dutarçy bagşylaryň belent owazly aýdym-sazly çykyşlary astynda sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet açyldy. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler. Görnükli şahyryň ajaýyp eserleri göwünleri galkyndyrýar, kalplara hyjuw berýär.

Halkara bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça maslahatlaşarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Mukamlar köşgünde geçirilen konsert

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdylar. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet horunyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň operalaryndan dünýä belli aýdymlardyr romanslar ýaňlandy.