"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynsan bezegi

Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, şu günümize ýetip gelen ahlak gymmatlyklar — adamkärçilige ýugrulan ajaýyp häsiýetler her bir ynsanyň ýaraşygy hasap edilýär. Ata-babalarymyz tarapyndan kämil derejä ýetirilip bize miras galan ajaýyp däp-dessurlarymyzdan başga-da, jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryna hem uly orun berlipdir. Ynsaplylyk, lebzihalallyk, mertlik, sahylyk, myhmansöýerlik ýaly ynsanperwer häsiýetler nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçipdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «...Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýip, ýagşylygy ündäpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz bu günki gün hem şol ahlak gymmatlyklary ýol-ýörelge edinip, olary nesillere ýetirmegiň belent ruhy bilen ýaşaýar. Ynsanyň ajaýyp häsiýetleriniň biri bolan ynsaplylyk hakyndaky ýörelge adamzat ýaşaýşynda orun alan ahlak gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda hem ynsap bilen bagly ençeme pähimler ýerleşdirilipdir. Kitapda ýerleşdirilen «Ynsap hulky — onuň görki», «Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz başyny», «Ynsap — dinden, gaýrat — imandan», «Ynsap diniň ýarysy» ýaly pähimler hem ynsabyň ynsan bezegidigini beýan edýär.

Arkadagly ýurtda gyz-gelinler bagtyýar

Ynsan, aýratyn-da, gyz-gelin mertebesi belentde tutulýan ýurdumyzyň mübärek topragyna ýene-de göwünlere ylham berýän, rowaçlygyň we juwanlygyň nyşany bolan bahar pasly özüniň düşümli gadamlary bilen geldi. Toý-baýrama baý bu paslyň ilkinji günlerinde özi bilen bäs edişýän ýaz gylykly, mähir-muhabbete ýugrulan zenanlaryň Halkara baýramy gadamy düşümli bahar paslynyň gadyryny hasam artdyrýar. 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda bu baýramyň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň mähriban gelin-gyzlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler.

Eýjejik hem şadyýan gyzjagazlar

Şu günler Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Olarda birinji, ikinji orunlary eýelänler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry 3-nji orta mekdepde geçirilip, onda eýjejik hem şadyýan gyzjagazlaryň 16-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar Garaşsyz ýurdumyzyň beýik ösüşleri, bagtyýarlyk, agzybirlik, sport barada aýdymlary ýerine ýetirdiler, milli lybaslaryny şahyrana sözler bilen wasp etdiler, goşgulary labyzly okadylar.

Halypalardan tälim alyp

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär. Soňky ýyllarda sungat äleminde zehinli ýaşlaryň birnäçesi ýüze çykardy. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Döwran Joraýewdir. Ol okuwy tamamlap, 2010-njy ýylda teatrda işe başlady. Ýaş artist işe başlan gününden Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, tanymal artist Bagsere Röwşenowa ýaly ussatlary özüne halypa edinip, etmeli işlerini, döretmeli keşplerini olar bilen maslahatlaşdy. Oňa Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly beýik şahsyýetlerimiziň keşplerini döretmeklik ynanylýar. Ol halypalaryndan öwrenen döredijilik usul-tärlerini zähmete bolan söýgüsi bilen dowam edýär.

Zamananyň belent waspy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Şol sanda milli medeniýetimizde hem oňyn özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine, ynamyna jogap edip, biz — medeniýet işgärleri-de meýilleşdirýän işlerimiziň ýokary depginde amala aşyrylmagyny gazanmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bu ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň üstünlikleri nazarlaýan ýollarynda şamçyraga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy halkyň arasynda wagyz etmekde medeniýet, sungat işgärleriniň uly paýynyň bardygyny elmydama nygtaýar. Munuň özi bir tarapdan, ýurduň medeniýet-sungat işgärlerine bildirilýän belent ynam bolsa, beýleki bir tarapdan, milli Liderimiziň halkymyza bagyş eden ajaýyp zamanasynyň ösüşleriniň geljekde has-da uly gerimlere eýe boljakdygynyň anyk subutnamasydyr.

Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

BÄHERDEN. Etrapdaky 12-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna 2 — 4-nji synplarda okaýan gyzjagazlar gatnaşdy. Şadyýan gyzjagazlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynyň joşgundan pürepürdigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eýjejik gyzjagazlaryň milli egin-eşikleri şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça çykyşlary hem täsirli boldy.

Ynam, yhlas, ykrar

Giriş ýerine. 1945-nji ýylyň 2-nji ýanwary. Magtymguly etrabyny etekläp oturan keremli daglar gar ýassanyp ýatyrdy. Sowuk habarlara ýapraklaryny tändirip, eginlerini gysyşan baglar mazaly burjy baglapdyr. Şemal, şol gün Handöwlet agalardan tapan ýakymly jägildisini aldajy sowugyna dolap oba aýlanypdy. Garasaý, perzent demine ýylynan Könekesir obasynyň ýumrugy artypdy. Könekesir. Etrap merkeziniň 90 kilometr Gündogary, deňiz derejesinden, takmynan, 1700 metr belentlik. Sumbar sakasyna eňek basan obanyň tebigy gözelligine ilaty günlükçidi. Ol ýyllar gaz entek köp obalara barmandam. Her hojalyk gyş sowugyndan goranmak üçin güýz aýlary 2-3 sany ýük ulagyna mas basylan kerkawdyr arçalary odun edinerdiler. Daglaryň ýüki ýeňlärdi. Orta mekdeplerem şeýdip ýylydardylar.

Sungatyň aşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgerişlikler türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny açmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär. Ýaş aýdymçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, opera sungatynda dürli keşpleri üstünlikli janlandyrýan, Diýarymyzyň sungat ojagy bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Aýna Seýitkuliýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik

Medeniýet halklary dostlaşdyrýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu babatda dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk işjeň häsiýetde ösdürilýär. Milli Liderimiz medeniýetiň ýürekleri, kalplary ýakynlaşdyryjy, halklary dostlaşdyryjy özboluşly güýjüniň bardygyny aýratyn nygtaýar. Öňňin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň agzalarynyň hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen konsert hem bu hakykaty ýene bir ýola äşgär etdi. Onlaýn konsertiň başynda oňa gatnaşyjylar medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edilýän tagallalar, döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Konsertde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan Respublikalarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe, Azerbaýjan, Moldowa ýaly döwletleriň sungat ussatlary üstünlikli çykyş etdiler.

Halklary birleşdirýän sungat

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda kirişli saz gurallaryna bagyşlanan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Sungat ugrundan tälim berýän ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn okuw sapagynda konserwatoriýamyzyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa halkymyzyň milli medeniýetiniň taryhy hem-de dutar, gyjak saz gurallarymyz barada giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynda ýokary okuw mekdebimiziň «Halk sazy» fakultetiniň talyplary «Gyrmyzy», «Ybraýym şadilli», «Nergiz», «Tabşyrdym» ýaly milli sazlarymyzy ýerine ýetirdiler.

Bu biziň taryhymyz

(«Dün­ýä ede­bi­ýa­ty» žur­na­ly­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 10 ýyl­ly­gy­na) «Dün­ýä ede­bi­ýa­ty» žur­na­ly Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2010-njy ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­da­ky №11343 ka­ra­ry bi­len dö­re­dil­di. Onuň il­kin­ji sa­ny 2011-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da ne­şir edil­di.

Ýaşlaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty hem-de Binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplarynyň birnäçesi Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» we «Solneçnyý swet» okuw-ylmy merkezleri tarapyndan şekillendiriş sungatynyň taryhy we surat boýunça onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça tälim berýän ençeme ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde biziň talyplarymyz hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň görkezen bilim derejeleri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp boldy.

Daýhan dünýäsiniň waspçysy

Türkmenistanyň halk suratkeşi Meretdurdy Annagulyýewiň döredijiligi barada söhbet Nakgaş Meretdurdy Annagulyýew segseniň onundan giren-de bolsa, juwanlyk hyjuwy bilen joşup, bagtyýarlyk döwrümizi çeper reňk öwüşginlerinde wasp edýär.

Bir suratyň taryhy

Suratda: Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatow we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Arnagylyjow täze aýdymyň üstünde işleýär (1980-nji ýyl). Bir gün meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatowyň ogullary Nurgeldi we Gurbanmyrat bilen duşuşyp, halypanyň döredijilik dünýäsiniň özboluşlylygy, onuň aýdym-sazlary ýerine ýetiriş ussatlygy, halypa-şägirtlik mekdebinde bitiren işleri barada gürrüň etdik. Bagşyçylyk sungatyny ömrüne öwrenip gezen halypa, şägirtlerine hem şony maslahat beripdir. Ödenyýaz bagşy Aman Arnagylyç, Hümmet Hanmämmet dagy bilen döredijilik gatnaşygyny saklapdyr. Olaryň halypasy Garly bagşy bolupdyr. Şägirtlerine nusgalyk görelde bolan Ödenyýaz halypanyň ussatlyk bilen çalan şirin sazlary türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly mirasyny bezeýär.

Diwar bezeg sungaty

Gadymyýetden bäri binagärlik sungatynyň geçen ýolunda dürli öwrülişikler, täzeçillikler bolup geçipdir. Olaryň arasynda diwar bezeg sungatynyň ajaýyp görnüşleriniň biri — freskalar aýratyn orny eýeleýär. Freska, italýan dilinde «çyg suwagyň ýüzüne surat çekmek» diýen manyny berýär. Freska sungatynyň döreýşiniň anyk senesi belli bolmasa-da, Egeý medeniýeti döwründe (b.e. öňki 2-nji müňýyllyk) freska nakgaşçylygy giňden meşhur bolupdyr. Hek, çäge, reňkli minerallar ýaly zerur bolan materiallaryň elýeterli bolmagy, işleniş ýönekeýligi freska sungatynyň antik döwürlerde meşhurlygynyň has artmagyna getiripdir.

Altyn at (Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri)

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly toplumdan Garagöz balalaryny «altyn aşyk», ýyllary biri-birinden zyýada gelýän döwrüni «Altyn asyr», perzentleriniň bagtyny «altyn tagt» diýip atlandyrýan halkymyzyň miras gory egsilmez hazyna. Halk döredijiliginiň taryhy gatlaryna siňip giden:

Gülälegiň keşbi siňen keşdeler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Keşde çeker ellerim» ady bilen geçirilen bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň zehininden döreýän el işleriniň gadymy nusgalaryna täze öwüşginler çaýylyp, olaryň kämilleşdirilmegine giň ýollar açyldy. Halkymyzda ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri nesilme-nesil dowam etdirilýär. Asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, olar täze öwüşginlere beslenýär.

Milli tansyň döwrebap öwüşginleri

Welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda «Milli tansym, medeniýetim, mirasym, ysnyşdyrýar ýürekleriň binýadyn» ady bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli etrap, şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Agaja dil bitiren

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, halypa-şägirtlik ýolumyz täze röwüşde dowam etdirilýär. Gadymy milli senetçiligimiz hem ajaýyp zamanamyzda täze öwüşgin, döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdy. Senetçiligiň irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan ugurlarynyň biri-de agaç ussaçylygydyr. Ine, şol günem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň, gadymy senetçilik önümleriniň sergisine syn etmäge bardym. Şonda eline agaç böleklerini alyp, ýaşlara nämedir bir zatlary düşündirip oturan agaç ussasy bada-bat ünsümi özüne çekdi. Ol Türkmenbaşy şäherinden gelen agaç ussasy, onda-da dutar ýasamagyň ussady Orazmuhammet Orazmuhammedow eken. Ussanyň elinden çykan dutarlary synlanyňda, bagşynyň belent owaz bilen:

«Mulanyň» meşhurlygy

Çagalaryň küýsegine öwrülen «Mulan» multfilmi «Walt Disney Pictures» studiýasy tarapyndan 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige ýetirilýär. Dowamlylygy 88 minut bolan bu multfilm doly göwrümli bolup, ol studiýanyň çykaran 36-njy animasiýa filmidir. «Mulan» köpçülige ýetirilen dessine, hepdäniň ahyrynda 22,8 million dollar gazandy we «X-Faýllardan» soň şol hepdäniň iň köp girdeji gazanan animasiýa filmi boldy. ABŞ-da we Kanadada 120 million dollar, şeýle hem dünýäde 304 million dollar gazanyp, «Flick's Adventuresden» soň ol ýylyň ikinji uly maşgala multfilmine öwrüldi.