Ýylyň terbiýeçisi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, çagalaryň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim-terbiýeçilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmak maksady bilen geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan tejribeli terbiýeçiler gatnaşdylar. Balkanabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşanlar bäsleşigiň şertine görä sapak geçip, ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanyp, toplan öňdebaryjy iş usullaryny görkezdiler. Ösüp gelýän körpe nesli Watana wepaly ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklaryny gazanmakda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Emin agzalary terbiýeçileriň sözleýiş medeniýetine, sapaklaryny guraýyşlaryna hem-de wagtdan ýerlikli peýdalanyşlaryna baha berdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gunça Gylyçtaganowa birinji orna mynasyp bolup, «Ýylyň terbiýeçisi» diýlip yglan ed